Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ŞAN-ŞÖHRATLY SIZIŇ BILEN, ARKADAG!

11. 2017-nji ýyl: durnukly ösüş ýoly bilen

«Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilen 2017-nji ýyl taryhy wakalara baý boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýetli wakalardyr.

12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary tutuş dünýäde uly gyzyklanma döreden möhüm ähmiýetli waka boldy.

Bäsleşik esasynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 97,69 göterimini alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Munuň özi bolsa saýlawlaryň ýurdumyzda halkymyzyň erkin ses bermegi esasynda geçendigini alamatlandyrdy. Bu saýlawlar halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän asylly däplerini pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Milli Liderimiz 17-nji fewralda Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda çykyş edip, ýurdumyzy ösdürmegiň strategik maksatlaryny hem-de täze tapgyrlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýedi ýylyň dowamynda «Bilimli nesil — Watan kuwwaty», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy» atly şygarlaryň astynda işleniljekdigini habar berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy bolup durýar. 2017-nji ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümetiniň 52 mejlisini hem-de döwlet derejesindäki dürli maslahatlaryň 42-sini geçirdi. Olarda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Şeýle hem, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeleri, şol sanda, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sentýabr aýynda ak mermerli paýtagtymyzda Aziada — 2017 oýunlary üstünlikli geçirildi.

18-nji maýda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen gününe 25 ýyl doldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy syýasy-hukuk resminamasy bolmak bilen, milli döwletliligiň berkarar bolmagynda we ösmeginde möhüm orun eýeledi. Bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Şol möhüm ähmiýetli waka mynasybetli Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyzdaky «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu toplum mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary nazara alnyp gurlan bir gatly jaýlaryň 320-sinden hem-de iki gatly jaýlaryň 64-sinden ybaratdyr. Bulardan başga-da, bu ýerde çagalar baglarynyň ikisi, saglyk öýi, umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berildi.

29-njy iýunda türkmen halky hem-de dünýä jemgyýetçiligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Şol gün paýtagtymyzda täze desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Döwlet Baştutanymyz «Gala» medeni-dynç alyş merkeziniň açylyşyna gatnaşdy. Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda bolsa 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy, «Bereketli» söwda merkezi hem-de köpgatly awtomobil duralgasy ulanmaga berildi.

Umuman, 2017-nji ýyl Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan binalar we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar bilen baglanyşykly wakalara baý boldy. Şol ýylda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň üç gatly täze binalar toplumy, Stomatologiýa okuwönümçilik merkezi we beýleki desgalar açyldy.

Paýtagtymyzyň Ankara köçesiniň ugrunda hem täze ak mermerli binalar peýda boldy. Şol ýerde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýi hem-de ýerasty awtoduralgasy bolan 72 öýli, 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi guruldy. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganlyda täze ýaşaýyş jaý toplumy döredildi. Şol ýerde gurlan kottejlerde bagtyýar maşgalalaryň 330-dan gowragy jaý toýlaryny tutdy.

Paýtagtymyzyň beýleki täze desgalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezini, Köşi ýaşaýyş toplumyndaky 3 gatly saglyk öýüni görkezmek bolar. N.Andalyp we Gurbansoltan eje şaýollarynyň çatrygynda häzirki zaman awtomobil köprüsi, A.Nowaýy köçesiniň ugrunda «Altyn zaman» söwda we hyzmatlar merkezi guruldy. Paýtagtymyzyň esasy ýollarynyň çatryklarynda «Dowamat», «Alaw», «Döredijilik» we «Şahyr» atly binalar peýda boldy.

Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda kottejler toplumy, şeýle hem 72 öýli, 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si, 48 öýli, 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy, söwda merkezleriniň 11-si, umumybilim berýän orta mekdep we çagalar bagy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu desgalar Aşgabadyň günorta böleginde paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde guruldy.

Ägirt uly taslamany — 2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek bilen bagly taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem giň gerimli işler üstünlikli amala aşyryldy. Şol oýunlar sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Bu ýerde, 157 gektar meýdanda dürli maksatly desgalaryň 40-a golaýy guruldy.

Baryp 2017-nji ýylyň başynda ýurdumyzyň jemgyýetçiligi hem-de sport dünýäsi bu oýunlaryň nyşanlary bilen tanyşdyryldy, aprel aýynda bolsa Aşgabat — 2017 oýunlarynyň senasy tassyklanyldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary hem-de beýleki çäreler tutuş dünýä ýaň saldy.

Aziada sport ýaryşlary barada aýdylanda bolsa, olara Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdundan türgenleriň hem-de bosgunlaryň toparynyň gatnaşandygyny bellemelidiris. Aziada — 2017 oýunlarynyň netijeleri boýunça türkmen türgenleri ýokary sport ussatlygyny gazandy. Biziň türgenlerimiz umumy toparlaýyn hasapda 1-nji orna mynasyp boldular. Olar jemi 245 medal, şol sanda, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medaly gazanmagy başardylar. Aziýa oýunlary tamamlanan badyna Arkadag Prezidentimiziň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Ak mermerli paýtagtymyzyň medeni durmuşynyň möhüm wakalary barada aýdylanda bolsa, bu ýerde iýun aýynda 2017-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçirilendigini bellemelidiris. Birnäçe günüň dowamynda kinokonsert merkezlerinde, teatrlarda, açyk meýdançalarda ýaş aýdymçylaryň we sazandalaryň konsertleri, nakgaşlyk, amaly-haşam sungatynyň, neşirýat önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, filmleriň görkezilişi geçirildi, şygryýet agşamlary guraldy.

2017-nji ýyl iri halkara ähmiýetli wakalara hem baý boldy. Hususan-da, fewral aýynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. 18-nji fewralda bolsa döwlet Baştutanymyz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklady. Onda döwletimiziň orta möhletli geljek üçin döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny we ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen bir hatarda, paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilendigini aýtmalydyrys. Bu merkeziň açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka boldy.

Türkmenistan Halkara Energetika Hartiýasynyň başlygy bolmak bilen, 30 — 31-nji maýda paýtagtymyzda «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly halkara forumy, noýabr aýynyň ahyrynda bolsa Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini geçirdi. Şeýlelikde, ýurdumyz dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly meýdançasy babatda özüniň ýokary derejesini ýene-de bir gezek tassyklady.

Şeýle hem, Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmek bilen, 19-njy iýunda Aşgabatda «Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirdi. Mundan başga-da, ýurdumyz 18-nji oktýabrda paýtagtymyzda «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň geçirilmeginiň başyny başlady.

Noýabr aýynyň ortalarynda paýtagtymyzda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahaty (RECCA VII) geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Umuman, 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça ak mermerli paýtagtymyz diňe bir okgunly ösmek hem-de gözel keşbe eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özüniň Aziýanyň parahatçylyk dörediji merkezi hökmündäki ýokary halkara derejesini ýene-de bir gezek tassyklandygyny görkezdi.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy, TKAMM

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.