Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÜSTÜNLIKLERIŇ YKRARNAMASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli pudaklarda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Eziz Diýarymyzda gazanylýan şeýle üstünliklere Esenguly etrabynyň zähmetsöýer, ruhubelent zähmetkeşleri hem uly goşantlaryny goşýarlar, bu babatda görelde görkezýärler. Munuň şeýledigini etrabyň hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi we etrabyň häkimliginiň ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanmagy-da doly derejede tassyklaýar. Bu üstünlik esengululylaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Şonuň üçinem, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyndan ruhlanan etrabyň zähmetkeşleri bagtyýarlyk döwrümiziň her bir ýylynda belent sepgitlere ýetmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

— Etrabymyzyň döwlet Baştutanymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan ýyly maldarçylykda-da, maýa goýumlaryny özleşdirmekde-de, senagat önümleriniň öndürilişini artdyrmakda-da, bölek-satuw haryt dolanyşygynda-da uly ösüşler gazanyldy. Bagtyýar raýatlarymyzyň ýüzlerçesi iş orunlary bilen üpjün edildi.

Bu şanly waka mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler hakydalarymyzda hemişelik galar. Baýragyň etrabymyza gowşurylan güni aýdym-sazlardyr gazallar diňe bir şäherimizde däl-de, gojaman Hazar deňziniň çägesöw kenarlarynda-da belentden ýaňlanyp, toý tutumy diýseň uly bolupdy.

Buýsançly wakalar, beýik başlangyçlar dowamly bolýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň esasynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyz, şol sanda etrabymyz üçin belent ösüşleriň ýyly bolup dabaralanýar. Muny edermen babadaýhanlarymyzyň şu ýylky galla oragy möwsüminde gazanan üstünlikleri hem doly tassyklaýar. Etrabymyzyň babadaýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelip, ýurdumyzda azyk bolçul ygynyň döredilmegine önjeýli goşantlaryny goşdular.

Ajaýyp zamanada eziz Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy eşretli, abadan, röwşen geljege bedew batly ösüşler bilen alyp barýan milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris — diýip, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy Meretdurdy Kitçimow ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.