Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MIRASYM BAR — HAZYNAM BAR

Her bir halkyň özboluşly mirasy bar, edil şonuň ýaly, türkmen halky ata-babalarymyzdan asyrlarboýy dowam edip gelýän ölmez-ýitmez milli mirasymyz özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Aslyýetinde sünnälenilip, yhlas siňdirilip taýýarlanan milli egin-eşiklerimiziň hili babatda-da, göze ýakymly özboluşly owadanlylygy babatda hem her bir adamy özüne maýyl edýändigi bellärliklidir.

Ýerli önümlerimizden ýokary hilli we göze ýakymly egin-eşikleri tikýän we tikmäge isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Olara halypaçylyk edýänleriň birine-de Allanazar ŞAHYMOW diýýärler. Ol Tagtabazar etrabynyň Baýraç geňeşliginde Allanazar telpekçi ady bilen giňden tanalýar.

Il içinde uly abraýa eýe bolan Allanazar aga her bir ynsanyň göwnüni awlap bilmegiň hötdesinden gelýär. Ol ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, isleg bildirýänleriň islegini we höwesini içgin öwrenýär, şoňa görä-de ol eden işiniň kemini-kössüni goýmaýar. Tikinçiniň baş maksady ak bazarlarymyzy harytdan doldurmakdan, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa önümleri halka hödürlemekden ybarat.

Allanazar aga silkme telpek, çäkmen, ezýaka köýnek, tirme guşak, şeýle-de, aýakgap önümlerini tikip, uly iliň sagbolsunlaryna mynasyp bolýar. Ussat tikinçi bilen söhbetdeş bolanymyzda:

— Silkme telpegi taýýarlamak üçin ozaly bilen, ýüňli deri saýlanylyp alynýar we ol ilkibaşda duzly suwa ýatyrylýar. Çünki, duzly suwda deriniň ýüzündäki zatlar eräp aýrylýar. Ine, şondan soň duzly suwdan çykaryp, sergin şemalda, Günüň tylla nurunda guratmaly. Soňra deriniň ýüzüni oňat agartmaly, mazaly eýini alansoň, deriniň iç ýüzüni gyrkmak gerek, hususan-da, tikmegiň öňüsyrasynda telpegiň ölçegini almaly we tikmeli. Telpek tikilensoň, hökmany ýagdaýda işlik tikmeli, sebäbi zerurlyk ýüze çykan mahaly işligi çalşyp bolýar.

Telpekleriň birnäçe görnüşleri bolup, biz olardan silkme telpek, bagana telpek, ymam telpek, şypyrtma we gulakjyn telpeklerini uly höwes bilen tikýäris, çünki olara bolan isleg köp. Etrabymyzyň medeniýet öýüniň bagşy-sazandalary her sazyň, tansyň özboluşlylygyna görä dürli ölçeglerdäki telpekleri sargyt edýärler — diýdi.

— Iň esasy zat, telpekler tikilende birmeňzeş deriler ulanylmaýar. Silkme telpekleri tokly derilerinden, iri ýüňli derilerden, bagana telpekler guzy derilerinden saýlanyp tikilýär. Bezeg işlerini ulananymyzda zenanlaryň kömegini hem peýdalanýarys. Men milliligimizi saklaýan telpeklerimizi, possunlarymyzy ýaş aýratynlyklaryna görä, şeýle-de, müşderileriň höwes bildirýän ölçeglerinde tikýärin. Tagtabazar etrabymyz maldarçylyk pudagy bolansoň, çig maly tapmak kyn düşmeýär.

— Siz ýeňil bolmadyk şeýle hünäri kimden öwrendiňiz we halypa-şägirtlik ýoly barada aýdaýsaňyz!

— Meniň halypam Gurbangeldi Nurlyýew, men ondan birnäçe ýylyň dowamynda milli lybaslary tikmegi öwrendim. Ol maňa: “Kesbiňden haýyr tap!” diýip ak ýol arzuw etdi. Indi özümem şägirt ýetişdirip başladym. Şeýle asuda ýurtda ýaşamaga, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Biz hem size senetçilik sungatymyzy ösdürmekde alyp barýan asylly işleriňizde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Goý, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

 

Nurmyrat SEÝITDURDYÝEW. Tagtabazar etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiri, TKA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.