Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE JAÝLAR — TOÝ SOWGADY

Düýn Ahal welaýatynyň merkezinde dört gatly, 24 we 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý şatlygyny artdyrdy. Welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň buýurmasy esasynda gurlan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýli bolmak bagty miýesser eden ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik.

Ars­lan­gel­di GY­ŞY­KOW, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ahal we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry:

— Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň beý­le­ki sebit­le­ri ýa­ly, we­la­ýa­ty­myz­da dür­li des­ga­la­ryň açy­lyp, ula­nyl­ma­ga beril­me­gi baý­ram­çy­lyk şat­ly­gy­my­za şat­lyk goş­ýar. Ýa­kyn­da döw­let Baştu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Ka­ka dok­ma top­lu­my, onuň yzy­sü­re Ak bug­daý, Gök­de­pe, Te­jen, Ba­ba­daýhan et­rap­la­ryn­da tä­ze, döw­re­bap or­ta mek­dep­le­riň bir­ba­da bä­şi­si daba­ra­ly açyl­dy. Şol şat­lyk­ly wa­ka­laryň tä­si­rin­den çyk­man­kak, we­la­ýa­t mer­ke­zi Änew şä­he­rin­de dört gat­ly döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ikisi­niň açy­ly­şy­na şa­ýat bol­duk. Bi­zi aý­ra­tyn gu­wan­dyr­ýan ýag­daý­la­ryň bi­ri-de şeý­le aja­ýyp bi­na­la­ry, ka­şaň ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny türk­men te­le­keçi­le­ri­niň gur­ma­gy­dyr.

We­la­ýat mer­ke­zi­niň gör­kü­ni art­dy­ran tä­ze yma­rat­la­ryň gur­luşy­gy­ny Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gatçy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Sa­ha­wat gur­lu­şyk» husu­sy kär­ha­na­sy­nyň ez­ber el­li gurlu­şyk­çy hü­när­men­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Tä­ze jaý­lar iki we üç otag­ly öý­ler­den yba­rat bo­lup, olar­da döw­re­bap şert­ler­de ýa­şa­mak üçin ýo­ka­ry amat­lyk­la­ryň göz öňü­ne tu­tu­landy­gy­na açy­lyş da­ba­ra­sy ma­halyn­da göz ýe­tir­dik. Jaý­lar­da­ky giň ýa­şa­ýyş we kö­mek­çi otag­lar, olarda­ky amat­lyk­lar diý­seň ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy.

 

(Öz habarçymyz).

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.