Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY UGRUNDA

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, şeýle-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek maksady bilen, etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde sport mekdebinde guran çärämiz giň many-mazmuna eýe boldy. Bu mekdepde tälim alýan ýaş türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, türkmen sportunyň abraýyny barha belende galdyrmakda hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň etdiler. Nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Üzümgül Gur­ban­durdyýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.