Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DABARALY MASLAHAT

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýuny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýat kitaphanasy bilen bilelikde “Garaşsyzlyk — baky bagtymyz” atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirdi. Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata kärdeşler arkalaşyklarynyň, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, kitaphananyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahaty TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew açdy we parahatçylygy, agzybirligi, abadançylygy hemde gülläp ösüşi baky hemra edinen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geçen 30 ýylda özbaşdaklyk ýolunyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdi. Soňra TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjylary Mämmetdurdy Muhammedow, Jumagül Hojaýewa, guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen döwlet syýasatynyň, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň, halkara ähmiýetli taslamalarynyň, düýpli özgertmeleriniň, beýik maksada — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigi barada täsirli hem buýsançly gürrüňler beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine laýyklykda, merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine, agzybirligine we jebisligine daýanylyp, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk binýadynyň has-da berkidilýändigi, ony döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň we ýetilýän belent sepgitleriň doly açyp görkezýändigi barada nygtalyp geçildi. Garaşsyzlykdan galkynan mähriban halkymyzyň baý taryhly, gurýan hem belent sepgide ýetýän döwranly döwürli, parlak geljekli millet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýandygy buýsanç bilen aýdyldy. Şeýle bagtly durmuşy halkymyza peşgeş eden Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözleri tüýs ýürekden joşup çykdy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.