Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYK — KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Golaýda şanly Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 30 ýyllygynyň baýramy mynasybetli TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyzlyk toýy — bagtyýarlyk toýy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz--nesihat çäresini TAP-nyň Mary şäher komitetiniň baş hünärmeni Gaýgysyz Magtymow alyp bardy. Bu çärä ýokarda ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, TKA-nyň işjeň agzasy Mamajan Garagulowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, halkymyzyň saglygy ugrunda edilýän bimöçber aladalar, dünýä ýüzünde emele gelen ýiti ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda geçirilýän işler hem-de arassaçylyk işleriniň alnyp barlyşy, agyz-burun örtüklerini ulanmak dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzda halkymyzyň asuda, abadan ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Şemşat SAÝLYÝEWA. “Maru — şahu jahan”.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.