Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KÄMILLIGE ELTÝÄN ÝOL BILEN

Ýaşlaryň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen bu bäsleşigiň hukuk goraýjy edaralarda we olaryň düzüm birliklerinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda guralmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Bäsleşigiň şertleri gazetde dolulygyna neşir edilen gününden başlap, redaksiýa hukuk goraýjy edaralaryň döredijilik bilen meşgullanýan hünärmenlerinden, şeýle-de hukuk hünärli işgärlerden dürli žanrlarda ýazylan eserleriň ýüzlerçesi gelip gowuşdy. Munuň özi olaryň Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekde, kabul edilen kanunlary halkymyza düşündirmekde işjeňdiklerinden habar berýär.

Ýörite düzülen eminler topary tarapyndan «Arkadagyň ýoly — adalat ýoly» atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty Gülzar Aşyrowa, Balkan welaýatynyň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Sähragül Aşyrowa, Lebap welaýatynyň Kerki etrap hassahanasynyň işgärler bölüminiň müdiri, hukukçy Allaberdi Jepbarow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty Aşyrgeldi Jumaýew, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Halkarahukuk gatnaşyklary müdirliginiň esasy maslahatçysy, 3-nji derejeli ýurist Leýli Saryýewa, Lebap welaýat kazyýetinden kazynyň kömekçisi Zamira Babanazarowa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň maglumatlary seljeriş bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist Jennet Myratberdiýewa, Farap etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Çary Isaýew dagy yglan edildiler. Ýeňijiler Hormat haty hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýeňiji bolan ildeşlerimiziň milli Liderimize bolan çäksiz alkyşlaryny we ýürek joşgunlaryny okyjylarymyza ýetirmek bolsa diýseň buýsançly.

 

Sähragül AŞYROWA, Balkan welaýatynyň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi:

 

— Hormatly Prezidentimiz: «Men ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiziň mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjekdigine berk ynanýaryn!» diýip, bize uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli ýörelgelerimize wepaly, ahlak taýdan arassa, sagdyn bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edýär. Biziň kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin döredilýän her bir mümkinçilikleriň sakasynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bar. «Arkadagyň ýoly — adalat ýoly» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak meni täze-täze maksatlara atardy. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

 

Zamira BABANAZAROWA, Lebap welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi:

 

— Altyn sahypalar bilen taryha girjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýyl her birimiziň durmuşymyzda döredijilik üstünliklerine, joşgunly zähmete beslenen ýyl boldy. Çeper döredijilige ukyply zehinleriň ýüze çykmagyna we kämilleşmegine ýardam eden bu bäsleşik milli Liderimiziň: «Biziň ýolumyz döretmek ýoludyr. Biz şu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp barýarys» diýen sözleriniň nobatdaky dabaralanmasydyr. Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçen umumy okuw sapagynda: «Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur» diýdi. Bu sözler biziň her birimiziň durmuş ýörelgämize öwrülmelidir.

Nesip bolsa, sanlyja günden Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Bu möhüm sene mynasybetli ildeşlerimizi, hormatly Belent Serkerdebaşymyzy gutlaýarys. Toýlar toýlara, baýramlar baýramlara, ýeňişler ýeňişlere ulaşsyn!

 

Laçyn PÜRJÄÝEWA, «Adalat».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.