Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYK — BAŞ BAÝLYK

Tejen şäherindäki 1-nji orta mekdepde ýaşlary ylymly-bilimli, sagdyn, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, adamlar edip ýetişdirmek maksady bilen «Sagdyn ýaşlar durmuşyň gözbaşydyr» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de çagalar baglarynda işleýän terbiýeçi mugallymlar gatnaşdylar.

Tejen şäher häkimliginiň hem-de şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegiň zerurdygyny, howanyň düzüminde saglygymyza zyýan beriji tozan bölejikleriniň agdyklyk edýän häzirki döwründe lukmançylyk agyz-burun örtüklerinden dogry peýdalanmalydygyny bellediler. Şeýle-de olar ynsan saglygyna zeper ýetirýän ýaramaz endikleriň zyýany barada hem aýdyp, olardan daşda durmaklygy ündediler.

 

Ejegül SEÝIDOWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen şäher Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.