Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝOLUMYZ ASUDA BOLSUN!

Şeýle at bilen Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ak bugdaý etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi we Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bu wagyz-nesihat duşuşygy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlandy.

Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen her ýyl geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti, köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri we olary körpeleriň berk berjaý etmelidikleri, olaryň hemişe ünsli bolmalydyklary barada gürrüň etdiler.

Şeýle-de çagalara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak şäherimiz Aşgabadyň we oba-şäherlerimiziň şaýollarydyr köçeleriniň bütinleý özgerip, has gözel görnüşe eýe bolýandygy, aýna ýaly göni ýollarda gatnaw şertleriniň talabyna laýyk pyýadalar üçin şertleriň döredilenligi barada aýdylyp, ulag sürüjilere asla päsgel bermeli däldigi bellendi. Eziz Watanymyzyň gözelliklerini aýawly saklamak, keşbi görkana ýollarda gatnawlaryň durnukly we talabalaýyk bolmagyny gazanmak, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bolsa, biz her birimiziň raýatlaryk borjumyzdygyny aýdyldy.

Wagyz-nesihat duşuşygynda özara sowal-jogap alyşmalara hem giň orun berildi. Oňa gatnaşanlar ynsan saglygy we bagtyýarlygy, ýaş nesliň sagdyn we ruhubelent ösmegi ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulşat ÇARYÝEWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hasapçysy.

SU­RAT­DA: wa­gyz-ne­sihat du­şu­şy­gyn­dan pur­sat­.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.