Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HÜNÄR BAÝRAMÇYLYGYNYŇ ŞANYNA

Öň­ňin ýur­du­myz­da Gur­lu­şyk, ener­ge­ti­ka we je­ma­gat ho­ja­lygy iş­gär­le­ri­niň gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nip ge­çil­di. Bu hü­när baýram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li we­la­ýa­ty­myz­da uly ru­hu­be­lent­li­ge we joş­gu­na bes­le­nen da­ba­ra­ly çä­re­ler ge­çi­ril­di.

ÄNEW. Welaýat merkezindäki Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda şanly sene mynasybetli aýdymsazly dabara geçirildi. Baýramçylyk dabarasyny welaýat häkimligi we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlarynyň öňdebaryjy işgärleri dabaranyň arzyly myhmany boldular.

Dabara hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň işgärleri yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Raýatlarymyzyň müňlerçesi gurluşyk pudagynyň guran täze ýaşaýyş jaýlaryna göçýärler, jaý toýlaryny tutýarlar. Energetika pudagynyň işgärleri hem her bir öýe nur paýlaýarlar. Jemagat hojalygynyň işgärleri bolsa, arassaçylyk, bagybossanlyk, gülzarlyk döredýärler. Şu hyzmatlaryň bar ýerinde hem ildeşlerimiz bagtyýar ýaşaýarlar. Milli Liderimiziň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Gutlagy şowhunly garşylanyp, dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny goşanlandyrdy, olarda uly ruhubelentlik döretdi. Dabarada welaýat häkimi Ý.Gurbanow çykyş edip, welaýatymyzda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynda mynasyp işleriň alnyp barylýandygy, bu ugurdaky ösüşlerde pudakda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň saldamly goşandynyň bardygyny belläp, toý zalyny bezäp oturan ildeşlerimizi hünär baýramy mynasybetli gyzgyn gutlady. Welaýat häkimi ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdi. Dabarada gutlag çykyşlarynyň başga-da birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň giňden, dabaraly bellenilmeginiň ähmiýeti barada söz açyp, täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda agzalan pudaklarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada gürrüň etdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem gurluşyk kärhanalary döredildi, gurluşykçylarymyz tarapyndan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, innowasion häsiýetli döwrebap zawoddyr fabrikleriň, önümçilik kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly itergi berýän gazturbinaly elektrik stansiýalary guruldy. Etraplarymyzda Jemagat hojalygy müdirlikleri hereket edip, olaryň işgärleri obalardyr şäherçelerimiziň gözelligine saldamly goşant goşýarlar. Dabaranyň dowamynda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylyp, olara asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi. Sylaglananlar döwrebap şertlerde işlemäge, ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Dabara welaýatymyzyň medeniýet we senagat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna ulaşdy. Belent ruha beslenen hoş owazly aýdym-sazlarda Arkadagly döwrümiziň waspy, berkarar Watanymyzyň taryhy ösüşleri öz waspyny tapdy.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

 

AK BUG­DAÝ. Etrabyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasynda şanly senä bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk maslahaty ýakymly duýgulara beslendi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata agzalan döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Baýramçylyk maslahatynda Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, bu senäniň giňden bellenilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň edildi, hormatly Prezidentimiziň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmek ugrundaky tagallalary dogrusynda durlup geçildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň netijeli we döwrebap ösdürmek ugrundaky tagallalary berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna hem-de elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliginiň giňemegine oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Bu gün şeýle iri kuwwatly desgalar Ak bugdaý etrabynyň çäginde hem üstünlikli hereket edýär. Olarda ýaşlaryň ýüzlerçesi zähmet çekmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine önjeýli goşant goşýarlar. Baýramçylyk maslahatynyň barşynda Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň öňdebaryjy işçi-hünärmenlerine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň toý sowgatlary gowşuryldy. Bu dabaraly maslahata gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ata Watanymyzy kuwwatly ýurda öwürmek, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Güljahan NURYÝEWA, Ak bugdaý etrabyndaky Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň hojalyk bölüminiň başlygy.

SU­RAT­LAR­DA: Änew şä­herin­dä­ki Me­de­ni­ýet öýün­de ge­çiri­len da­ba­ra­dan pur­sat­lar.

Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.