Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KÖRPELERE DÜZGÜNLER ÖWREDILÝÄR

Şu gün­ler «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň rahat­ly­gy» at­ly bi­raý­ly­gy­na bagyş­la­nyp, we­la­ýa­ty­myz­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Bi­lim-ter­bi­ýeçi­lik ojak­la­ryn­da gu­ral­ýan düşün­di­riş, wa­gyz-ne­si­hat hä­siýet­li okuw­lar, mas­la­hat­lar we du­şu­şyk­lar ýaş ne­sil­de uly gyzyk­lan­ma dö­red­ýär.

GÖK­DE­PE. Etrapdaky 4-nji çagalar bagynda “Ýaşyl yşyk” ady bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly çäre geçirildi. Ruhubelent körpeleriň gatnaşmagynda geçirilen bu çäräni ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hemde etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi bilelikde gurady.

Şu günler etrapdaky bilimterbiýeçilik ojaklarynda biraýlyk mynasybetli giň gerim alan wagyz-nesihat we öwüt-ündew ediji gyzykly çäreleriň çäginde guralan nobatdaky çäre işjeň usuldaky sapakdan başlandy. Uly ýaşly körpeleriň gatnaşmagynda geçirilen ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly sapak etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wekilleri tarapyndan göwnejaý guraldy. Onda körpelere köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri dogrusynda gürrüň berildi. Nygtalyşy ýaly, pyýadalar ýola çykanda özlerine niýetlenen ýerlerden — ýerüsti we ýerasty geçelgelerinden geçmelidir. Olar hökman ýolyşygyň we sazlaýjynyň duýdurmalaryna üns bermelidir. Ýoluň gatnaw bölegine çykyp, eglenmeli ýa-da säginmeli däldir. Köçeden ilki çep, soňra sag tarapa seredip, golaýlap gelýän ulag serişdesiniň ýokdugyna doly göz ýetireniňden soň ýoldan geçmelidir.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçen bu çäräniň dowamynda körpeleriň ýol belgileriniň aňladýan manylary boýunça düşünjeleri barlanyp görüldi. Bu bolsa, ruhubelent çagalaryň bilesigelijiligini we çäräniň täsirliligini artdyrdy.

 

Baýrammuhammet ÖWEZGELDIÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.