Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SÖWDA DOLANYŞYGYNDA TUTÝAN ORNY

Da­şa­ry söw­da sy­ýa­saty da­şa­ry ýurt­lar bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge tä­si­ri­ni ýetir­ýän çä­re­le­riň toplu­my­dyr. Da­şa­ry söw­da mil­li yk­dysa­dy­ýe­ti ös­dür­mek we ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­le­riň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin, goş­ma­ça seriş­de­le­ri al­ma­gy üp­jün ed­ýär. Da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gyn­da im­por­tyň we eks­por­tyň dü­züm­le­ýin pa­ýy döw­le­tara hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny, ýurdu­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bar­ha ber­ke­ýän işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len önüm­leriň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ri­li­şi­niň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär we ýur­du­my­zyň dünýä­niň ýurt­la­ry bi­len da­şa­ry söw­dasy­nyň geog­ra­fi­ki dü­zü­mi ýyl-ýyl­dan di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy strate­gi­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, ýur­du­my­zyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­naşyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne, eks­port mümkin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­te da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýumla­ry­nyň çe­kil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň hal­ka­ra söw­da­sy­na gat­naş­ma­ga amatly şert­le­ri dö­ret­mek hem-de ýur­du­myzyň kär­ha­na­la­ry­nyň ne­ti­je­li tä­jir­çilik işi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, söw­da we mag­lu­mat üp­jün­çi­li­gi hyzmat­la­ry san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­ýär. Has dog­ru­sy, «bir pen­ji­re» ul­ga­my­nyň üs­ti ar­ka­ly tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­rylýar. Bu bol­sa al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hil we yk­dy­sa­dy taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne, ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň se­bit­de we dünýä­de bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­karlan­dyr­ma­ga uly ýar­dam ed­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ga­za­nan­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, ýo­ka­ry hil­li in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Elektron söw­da­la­ry in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly on­laýn ter­tip­de ge­çi­ril­ýär, da­şa­ry ýurtlar­da açyl­jak söw­da meý­dan­ça­la­ry­na gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär. Şeý­le-de elekt­ron res­mi­na­ma do­la­nyşy­gy­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýurdumyzda ygtyýarnama esasynda del­lal­çy­lyk işi­ni ama­la aşyr­ýan kär­hana­lar dö­re­dil­ýär, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän hyzmat­la­ryň gör­nüş­le­ri art­dy­ryl­ýar. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­lu­mu­mylaş­ýan şert­le­rin­de ýur­duň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek we­zi­pe­si onuň in­no­wa­sion ösü­şi­ni üp­jün etmek bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­riň hem äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ýar. Çün­ki ýur­duň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de tut­ýan or­ny, onuň da­şa­ry söw­da do­lany­şy­gy­nyň möç­be­ri bi­len, has ta­ky­gy, dün­ýä ba­za­ryn­da tut­ýan or­ny bi­len kesgit­le­nil­ýär. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry söw­da kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy, di­ňe içer­ki yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­ziň ýo­kary de­re­je­si­ni ala­mat­lan­dyr­man, eý­sem, dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len ýa­kyn­dan bag­lany­şyk­ly­dy­gy­ny hem gör­kez­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yk­dy­sa­dy strate­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň, ýag­ny Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da ne­tije­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, Ha­zar se­bi­ti­niň köp­ta­rap­ly mümkin­çi­li­gi­ni ama­la aşyr­mak hoşni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de «Açyk ga­py­lar» ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan daşa­ry sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, söw­da-ulag ul­ga­my Ha­zar se­biti­niň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da oňyn we ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de baglaş­dy­ry­jy hal­ka bo­lup hyz­mat eder. Şol gat­na­şyk­lar dost­luk we bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak düz­günün­de ös­dü­ril­ýär. Bi­ziň döw­let­le­rimi­ziň aý­ra­tyn­lyk­la­ry Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­nyň ara­syn­da çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gin­den yba­rat­dyr. Bu bol­sa ha­ryt­la­ry üs­ta­şyr iber­mek, Gün­do­garGün­ba­tar we De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça söw­da ýol­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýän lo­gistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babat­da uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Häzir­ki wagt­da ýurt­la­ryň her bi­ri de­ňiz, aw­to­mo­bil, de­mir we ho­wa ýol­la­ry arka­ly ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­ma­gyň hem-de ýük­le­ri da­şa­ma­gyň mul­ti­mo­dal ugurla­ry­nyň döw­re­bap dü­züm­le­ri­ni dö­retmek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. He­re­ket ed­ýän yk­ly­ma­ra ugur­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek hem-de Ha­zaryň üs­tün­den geç­ýän tä­ze hal­ka­ra geçel­ge­le­ri dö­ret­mek goň­şy döw­let­le­riň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan has-da depgin­li ös­me­gi­ne şert­le­ri dö­re­der, ola­ryň ma­ýa go­ýum taý­dan özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni art­dyr­ma­ga, se­bit we se­bi­ta­ra söw­dayk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­landyr­ma­ga ýar­dam be­rer di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­ýär. Türk­me­nis­tan goň­şy döw­let­ler — Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan, Eý­ran, Ga­zagys­tan we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len müň­ýyl­lyk­lar­dan bä­ri hyz­mat­daş­lyk edip, dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­lap, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ösdür­mä­ge ym­tyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­nymyz Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de goň­şy ýurt­lar bi­len deňhu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy gatna­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge, se­bit­de ener­ge­ti­ka, ulag, suw se­riş­de­le­ri­ni peý­da­lan­mak ýa­ly beý­le­ki mö­hüm ugur­la­ryň bir­näçe­si bo­ýun­ça gat­na­şyk et­mä­ge taý­ýardygyny nygtaýar. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy 1985-nji ýylda döredilip, ol özüne Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Türkmenistan, Türkiýe, Täjigistan we Özbegistan döwlet­le­ri­ni birikdirýär. Bu gu­ra­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy, ag­za­la­ry­nyň ara­syn­da ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, söw­da we ma­ýa goýum­lar, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­lyk, se­na­gat we beý­le­ki ugur­lar­da yk­dy­sa­dy hyz­matdaş­ly­gy ös­dür­mek­den yba­rat bo­lup durýar. Bu gu­ra­ma­nyň ag­za döw­let­le­ri­niň ilat sa­ny 400 mil­lion­dan gow­rak bo­lup, se­bit­de söw­da­ny ös­dür­mek­de uly mümkin­çi­lik­le­ri bar­dyr. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy BMG-de we Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gura­ma­syn­da syn­çy­nyň de­re­je­si­ne eýe bo­lup, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, BMG-niň ýanyndaky azyk we oba hojalygy boýunça gu­ra­ma­sy, BMG-niň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça Ýö­ri­te­leş­di­ri-len eda­ra­sy, Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy, Gü­nor­ta-Gün­do­garAzi­ýadöw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Guramasy we beýlekiler bilen ýygjam hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Ýur­du­myz bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­giniň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gatna­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rapla­ýyn esas­da ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär, dür­li ugur­lar­da, şol san­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti sanly­laş­dyr­mak we ony kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek, hu­su­sy pu­da­ga gol­daw bermek, ener­ge­ti­ka, yk­dy­sa­dy, ulag-üs­taşyr ge­çel­ge­le­ri, ma­ýa go­ýum we beý­le­ki wa­jyp ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar we mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li amala aşy­ryl­ýar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ta­rapyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän «Mer­ke­zi Azi­ýa­da söw­da­ny ös­dür­mek: se­bit­de öza­ra we hal­ka­ra söw­da ýar­dam» tasla­ma­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň soň­ky ýyl­lar­da­ky eden eks­por­ty­nyň dü­zü­min­de tä­ze ha­ryt­lar peý­da bol­dy, da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň muk­da­ry ep-es­li art­dy. Daşa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän kärha­na­la­ry dö­ret­mek­de we Di­ýa­ry­my­zyň eksport kuwwatyny artdyrmakda uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Hal­ka­ra söw­da yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­laryň ga­dy­my gör­nü­şi bol­mak bi­len, häzir­ki wagt­da-da döw­let­le­ri we halk­la­ry bir­leş­dir­ýän esa­sy ul­gam bo­lup dur­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hal­ka­ra hyzmat­daş­ly­gy üçin açyk­ly­gy, şeý­le-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gu­ra­ma­la­ry­nyň işi­ne has-da iş­jeň gatnaş­ma­gy, söw­da dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň tä­ze hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy hyzmat­daş­ly­gy ös­dür­mek hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä ho­ja­ly­gy­na mun­dan beý­läk-de go­şu­lyş­ma­gy üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­da eýe­dir. Bu­la­ryň äh­lisi eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly ýolbaş­çy­ly­gyn­da ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­leri­ne ta­rap ynam­ly bar­ýan hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gönük­di­ri­len­dir.

 

Batyr BERDYÝEW, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy, Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň daşarky bazarlaryň haryt dolanyşygyny öwreniş bölüminiň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.