Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KÄRINE EZBER HÜNÄRMENLER

Hormatly Prezidentimiz alyp barýan öňdengörüjilikli içeri syýasatynda döwletimiziň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Şol sanda ýurdumyzyň energetika pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň toý-dabaralarynyň şöhrata beslenýän ýylynda Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni hem uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramlarynyň biridir. Milli senenamamyza laýyklykda, bu hünär baýramy her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda pudagymyzyň zähmetsöýer işgärleriniň arasynda dürli bäsleşikler, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli, ýakynda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynda «Iň gowy hünärmen» diýen ada mynasyp bolmak ugrunda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň baş maksady kärhananyň elekt­ro­teh­ni­ki, in­že­ner-teh­ni­ki we iş­çi hünärmenleriň hünär taýýarlyk derejelerini kesgitlemekden, öňdebaryjy zähmetkeş işgärleriň gymmatly iş tejribelerini önümçilige ornaşdyrmakdan, işgärleriň alyp barýan işlerine bolan höwesini artdyrmakdan, işleri oýlanyşykly we howpsuz ýerine ýetirmegi wagyz etmekden, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý etmek bilen, tehniki ussatlygy ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. «Iň gowy hünärmen» atly bäsleşik «Iň gowy 2-nji derejeli barlaýjy, uly barlaýjy», «Iň gowy elektromontýor» we «Iň gowy inspektor, uly inspektor, bölümçe başlygy» diýen ugurlar boýunça geçirildi. «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň direktory tarapyndan tassyklanan we kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ylalaşylan bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, emin agzalaryndan düzülen topar bäsleşige gatnaşýan «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň bölümlerinde üç ýyldan köp wagt bäri zähmet çekip gelýän hünärmeniň 2021-nji ýylyň ýedi aýynyň dowamynda hemme tarapdan gazanan üstünliklerini seljermek arkaly bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitledi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bäsleşigiň «Iň gowy 2-nji derejeli barlaýjy, uly barlaýjy» ugry boýunça birinji orna Lebap bölüminiň Halaç bölümçesiniň 2-nji derejeli barlaýjysy Berdimurat Rejepow, ikinji orna Balkan bölüminiň abonent toparynyň 2-nji derejeli uly barlaýjysy Tylla Batyrowa, üçünji orna Mary bölüminiň Baýramaly bölümçesiniň 2-nji derejeli barlaýjysy Sapa Durdyýew; «Iň gowy elektromontýor» ugry boýunça birinji orna Ahal bölüminiň Sarahs bölümçesiniň 2-nji derejeli elektromontýory Azat Muhyýew, ikinji orna Daşoguz bölüminiň elektrik hasaplaýjy enjamlary bejerýän we çalyşýan ussahanasynyň 2-nji derejeli elektromontýory Hudaýsükür Saýtimow, üçünji orna Ahal bölüminiň elektrik hasaplaýjy enjamlary bejerýän we çalyşýan ussahanasynyň Tejen sebiti boýunça 2-nji derejeli elektromontýory Dörtguly Halmyradow; bäsleşigiň «Iň gowy inspektor, uly inspektor, bölümçe başlygy» ugry boýunça bolsa birinji orna Lebap bölüminiň Halaç bölümçesiniň başlygy Batyr Rahmanow, ikinji orna Mary bölüminiň energoinspeksiýa toparynyň inspektory Nurmuhammet Eýupow, üçünji orna Mary bölüminiň Mary bölümçesiniň başlygy Meýlis Bazarow mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutlaýarys. Goý, olaryň çekýän asylly zähmeti ýerine gowuşsyn! Halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, işleri uly üstünliklere beslensin!

 

Ýazmyrat ÇONANOW, «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.