Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYK — GANATYMYZ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara bes­len­ýär. Şu şat­lyk­ly gün­le­ri­miz­de döw­le­ti­mi­ziň baş baý­ra­my — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni uly şatlyk, şowhun bilen belleniler. Merdana halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň we özygtyýarlylygymyzyň ykrary hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. Şöhratly we gahrymançylykly taryhyny, asylly däp-dessurlaryny, milli mirasyny we ynsanperwer ýörelgelerini dikeltdi. Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwrüne degişlidir. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň köp ugurlardaky ösüşiniň gözbaşy bolup, halkara derejesinde abraýyny artdyrdy. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrüldi. 30 ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan netijeler ilatyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş, zähmet we dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrdy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilen bu özgertmeler, gazanylan ösüşler Türkmenistany dünýäniň ýaşamak, işlemek we syýahat etmek üçin iň amatly ýurtlarynyň hataryna çykardy.

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň özara sazlaşmagy, biri-biri bilen baglanyşykly ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrmaga esas bolýar. Şu ýyl halkymyz üçin aýratyn şöhratly ýyllaryň biridir. Çünki bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl bolýar. Bu şanly senäniň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi üçin hormatly Prezidentimiz uly tagalla edýär. «Ga­raş­syz­ly­ga gu­wan­mak, Wa­tany, halky söýmek bagtdyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda has tutumly işlere badalga berilýär. Halkymyz tutanýerli zähmet çekýär. Şol joşgunly zähmetiň miwesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgat bolar. Ýurdumyzy täzetäze ösüşlere alyp barýan milli Liderimiziň ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Kakajan DURDYÝEW, TKA-nyň Mary etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.