Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ROWAÇLYK ÝOLUNDA

Bu ýerde hyzmatlary guramagyň, abatlaýyş işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň hasabyna gazturbinalarynyň işiniň ygtybarlylygy artar, abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmegiň möhletleri azalar, gazturbinalaryny abatlamagyň bahasy peseler, täze iş orunlary peýda bolar.

Hormatly Prezidentimiz jemagat hojalygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bu hojalyk paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de ýurdumyzyň ähli ilatly ýerleri üçin dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýär. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmak we hasaba almak, abatlaýyş işlerini geçirmek, myhmanhanalary, suw çüwdürimleri we seýilgäh hojalyklaryny dolandyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, suw we ýylylyk bilen üpjün etmek hem-de beýleki möhüm ähmiýetli işler bilen baglanyşyklydyr. Aşgabatda seýilgäh, suw çüwdürimleri hem-de heýkeller toplumlaryny kadaly ýagdaýda saklamak işi aýratyn orun eýeleýär. Şolar durmuş ulgamy nukdaýnazaryndan hem-de ekologiýa babatda paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň ençeme täsin desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alandygyny bellemelidiris. Türkmen gurluşykçylary, energetikleri we jemagat hojalyk işgärleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdu­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýarlar. Şol maksatnama bolsa, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.