Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÜŞÜNDIRIŞ IŞLERI GEÇIRILÝÄR

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Akdepe etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda etrabyň çäginde ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, raýatlaryň agyz-burun örtüklerini dakynmagy, bellenilen aralygy saklamagy babatda ýaşaýjylaryň arasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň hem-de polisiýanyň ýerli wekilleriniň gatnaşmagynda düşündiriş işleri geçirilýär. Geçirilýän düşündiriş çärelerinde ýurdumyzda alnyp barylýan beýik tutumlaryň netijesinde, döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy bolan adamyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän bimöçber işler, olaryň ähmiýeti, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda nygtalyp geçilýär. Işjeň ýagdaýda geçýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerinde raýatlaryň saglygyny goramak, berkitmek, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, ýaşaýyş jaýlarynda, köçelerde, meýdançalarda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, jemgyýetimiziň saglygyna howp salýan ýokanç keselleriň öňüni almagyň çäreleri hakynda aýdylýar. Lukmanlar geçirilýän düşündiriş işlerinde güýzgyş aýlarynda sowuklamadan we ýiti respirator kesellerden goranmak üçin adam bedenine ýaramly hem-de immun ulgamyny ýokarlandyrmakda haýry köp bolan ter gök-bakja önümleriniň gündelik iýmitimizde bolmagyny ündeýärler. Halkymyz hakda edýän bimöçber aladalary üçin, wagyz-nesihat duşuşyklaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Myrat ORAZMYRADOW, Akdepe etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.