Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ŞAN-ŞÖHRATLY SIZIŇ BILEN, ARKADAG!

«Türkmenistan — ro­waç­lygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, onuň baş şä­he­ri­niň — ak mermerli Aşgabadyň uly üstünlikleriniň ýyl ýazgysynda hem öçmejek yz galdyrdy.

Ýylyň başynda, ýagny 8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirligine baryp görende, milli Liderimize 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doglan taýçanak sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz taýçanaga şol ýylyň adyna kybap gelýän Rowaç diýen ady goýdy. Hormatly Prezidentimiz oňa täze goşgusyny bagyşlady.

2019-njy ýylyň şygarynyň Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol ýörelgeler bolsa, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, şol ýylyň nyşanynda ýurdumyzyň abadançylygynyň we parahatçylyk söýüjiliginiň nyşanlary hökmünde paýtagtymyzdaky Abadançylyk binasynyň hem-de zeýtun agajynyň baldaklary şekillendirildi.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, 14-nji fewralda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Tutuş 2019-njy ýylyň dowamynda Aşgabatda dürli döredijilik çäreleriniň onlarçasy, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar, sergiler we bäsleşikler, aýdymsazly çykyşlar hem-de beýleki çäreler guraldy. Ministrler Kabinetiniň 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» tassyklanylmagyny hem-de sanly ykdysadyýete geç­me­giň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilip başlanmagyny ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisi hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka boldy. Onda ýurdumyzdaky durmuş-ykdysady ýagdaý hemmetaraplaýyn seljerildi we geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy. Döwlet Baştutanymyz umumymilli forumda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny ýenede bir gezek nygtady. 2019-njy ýylda paýtagtymyzda bolup geçen beýleki iri wakalar barada aýdylanda bolsa, milli parlamentiň maslahatynyň 4-siniň geçirilendigini bellemelidiris. Olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 65-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 42-si kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň 41 mejlisini, şeýle hem döwlet derejesindäki maslahatlaryň 56-syny geçirdi. Tutuş 2019-njy ýylyň dowamynda paýtagtymyzy ösdürmek we abadanlaşdyrmak, döwrebap binagärlik toplumlaryny döretmek, durmuş we medeni maksatly desgalary gur­mak, ýol-ulag, in­že­nerkommunikasiýa ulgamlaryny kemala getirmek meseleleri milli Liderimiziň üns merkezinde boldy. Şu maksatlar bilen döwlet Baştutanymyz ýylyň dowamynda paýtagtymyzdaky gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin iş saparlarynyň ençemesini amala aşyrdy. Paýtagtyň ýaşaýjylary üçin ýokary hilli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek, bu ulgama innowasion tehnologiýalary hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmak Aşgabatda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýar. 2019-njy ýylda Parahat 7 we Parahat 8 ýaşaýyş toplumlarynda täze gurlan jaýlarda bagtyýar maşgalalaryň 750-den gowragy ähli amatlyklary özünde jemleýän öýleriň açarlaryny aldy. Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda bu ýerde ýene-de 23 sany belent ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy. 2019-njy ýylda paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde hem has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginlerde dowam etdirildi. Mysal üçin, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde belent ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurluşygy alnyp baryldy. Ýene-de bir ýaşaýyş toplumy Büzmeýin etrabynda döredildi. Şol ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň 35-siniň gurluşygy dowam etdirildi. Aşgabadyň beýleki ýerlerinde hem täze ýaşaýyş toplumlary döredilip, olaryň çäklerinde degişli düzümleýin desgalar — ça­ga­lar we sport meý­dançalary, giň ýollar, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk edaralary guruldy. Hut 2019-njy ýylda dürli maslahatlarda, şol sanda Aşgabat şäheriniň häkimliginde geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz sanly hem-de IT-tehnologiýalary ulanmak arkaly paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek babatda täze başlangyçlary öňe sürdi. «Aşgabat-siti» adyna eýe bolan ägirt uly taslamany durmuşa geçirmek barada gürrüň edildi. Taslama laýyklykda, 744 gektar meýdanda edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, hyzmatlar ulgamynyň kärhanalarynyň hem-de durmuş düzüminiň beýleki desgalarynyň 200-den gowragyny gurmak meýilleşdirilýär. «Şäher içindäki şäher» atly taslamalarda milli binagärligiň iň gowy däpleriniň hem-de dünýäniň şähergurluşyk babatdaky öňdebaryjy ýörelgeleriniň sazlaşygy öz beýanyny tapdy. Bu taslamalary işläp taýýarlamaga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň gatnaşandygy bellärliklidir. Şeýle hem, 2019-njy ýylda Aşgabadyň sanly ykdysadyýete geç­me­giň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirip başlandygyny bellemek gerek. Şunda «akylly şäher» we «sanly döwlet» ýaly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, sanly tehnologiýalaryň bank işinde, saglygy goraýyş, uzak aralykdan bilim bermek ulgamlarynda ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda 12-nji iýunda geçirilen maslahatda çykyş edip, maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalaryny hem ýurdumyzyň ylmynyň täze ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şol maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. 2019-njy ýyl medeniýet ulgamynda hem möhüm ähmiýetli wakalara beslendi. Olar ynsanperwer ulgamyň milli ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Arkadag Prezidentimiziň 14-nji fewralda medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygy hem muny doly tassyklady. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň mart aýynda, Mejlisiň Kararyna laýyklykda, Türkmen milli konserwatoriýasyna belli opera aýdymçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakyldy. 1-nji noýabrda bolsa şu ýokary okuw mekdebinde meşhur aýdymçynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan muzeý açyldy. GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy, IV Wena baly hem-de türkmen-awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konserti , «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda medeni diplomatiýanyň möhüm ornuny nobatdaky gezek tassyklady. Bu çäreleriň Aşgabatda geçirilmegi paýtagtymyzyň döredijilik merkezi hökmündäki abraýyny has-da belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen alabaýy» atly täze kitaplary, şeýle hem türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar 2019-njy ýylda watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde döwletimiziň halkara işini häsiýetlendirip, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlarynyň 7-sini amala aşyrandygyny, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 28-siniň Türkmenistana sapar bilen gelendigini belledi. Ýurdumyzyň GDA-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegini hem-de BMGniň ýörite maksatnamalarynyň birnäçesine işjeň gatnaşmagyny türkmen diplomatiýasynyň 2019-njy ýylda gazanan üstünlikleriniň hatarynda görkezmek bolar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi Aşgabatda iri halkara ähmiýetli çäreleriň ençemesini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň çözgüdi bilen Arkadag Prezidentimize «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen medal gowşuryldy. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bo­ýun­ça «2021-nji — Hal­ka­ra parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Aşgabadyň umumy ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez bolup durýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.