Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BELENT SEPGITLERIMIZIŇ GÖ¬NEZLIGI

 

Arkadag Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — parahatçylygymyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp ýylymyzyň her bir güni ýurdumyzy şöhratlandyrýar, halkymyzyň abraý-mertebesini beýgeldýär, göwünlerimizi joşdurýar. Arkadag Prezidentimiz: «Döwlet Garaşsyzlygymyz — bu bagtymyzyň gözbaşy, ösüşlerimiziň badalgasy, belent sepgitlerimiziň gönezligi, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň ylham çeşmesidir» diýip belläp geçýär. Şoňa görä-de, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, oba-şäherlerinde iri önümçilik desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kuwwatlylygyndan nyşandyr.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Arkadag Prezidentimiz Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna ak pata berdi. Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyşyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň öňündäki meýdançada saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşdy. Olar Arkadag Prezidentimizi tüýs ýürekden mähirli garşyladylar. Şonda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp geçdi we ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini aýdyp, bu gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermek barada karara gelendigini habar berdi. Mähriban Prezidentimiz döwletimiziň geljekde hem biziň geljegimiz bolan çagalaryň beden taýdan sagdyn ösmegi hem-de Watanymyza söýgi ruhunda terbiýelenmegi üçin hemişe alada etjekdigini aýtdy.

Biz — saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri şu dabaralara hem-de 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çärelere işjeň gatnaşdyk. Bu çäreler, beýleki adamlar bilen bilelikde, bizi hem örän buýsandyrdy hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine guwanjymyzy artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda öňde goýýan wezipelerine jogap edip, mundan beýläk hem gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, ýadawsyz zähmet çekeris we şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna öz goşandymyzy goşarys.

 

Toýguly Işanguly­ýew, Gumdag şäher hassahanasynyň maşgala lukmany, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.