Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SUNGATA BAGLANAN YKBAL

Aýdym-saz äleminde hoş owazly aýdymlary bilen il-halkyň alkyşyny alanlar, Hakdan berlen zehin diýilýänler az däl. Şeýle a lkyşa we zehine eýe bolanlara uly hormat-sarpa hem goýulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ömrüni jadylaýjy sungata bagyşlan halypalar has-da arzylanylýar, hormatlanylýar. Ajaýyp zamanamyzda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň waspçylary bolan medeniýet we sungat wekilleriniň işleri barha rowaçlyga beslenýär. Biz hem ýakynda öz zehin-başarnygy bilen sungat äleminde us­sat­lyk de­re­je­si­ne ýe­ten­le­riň bi­ri — Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgüniň wokal bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň halk artisti, 50 ýyl bäri owadan sahnalara bezeg berip gelýän aýdymçy Altyngül Goşaýewa bilen söhbetdeş bolduk.

— Altyn halypa, ilki bilen, aýdym- -saz älemine gelşiňiz hakynda gürrüň beräýseňiz.

— Meniň bu jadyly sungata gelmegime, esasan, ejem Ogulgülüň hüwdüleri sebäp boldy diýsem, tüýs ýerine düşer. Biziň maşgalamyz, aýdylyşy ýaly, gol doly maşgalady. Ýedi çagany dünýä inderen ejem janyň özümden kiçi jigilerimi söýgi bilen hüwdüleýän sesi heniz-henizlerem gulagymda hoş owaz bolup ýaňlanyp dur. Käbämiň sesi juda ýakymlydy. Galyberse-de, dädem Atda — ömrüni bu sungata bagyşlan adam. Onuň dutarda çalýan sazlary, aýdýan halk aýdymlary we dessanlary tutuş maşgalamyzy jadyly sungatyň sallançagyna atarypdy. Şeýdibem, ejemiň hüwdüsi, dädemiň aýdym-sazy biziň görüm-göreldämize, maşgalamyzyň ýol-ýörelgesine öwrülipdi. Özümden uly gyz doganlarym Gurbanbibi, Amanbibi, Bibigül hem-de iň kiçimiz Amanberdi dagymyz sungat ýoluny saýladyk. Aýal doganlarym ýaş wagtlary aýdym aýtdylar, ýöne soň-soňlar hersi bir öýüň gelni, birnäçe çaganyň ejesi bolup, maşgalanyň aladasy bilen sungatdan arany açdylar. Maşgalada gyzlaryň iň kiçisi bolan özüm, oglanlardanam Amanberdi aýdym- -saz sungatyna ykbalymyzy ymykly bagladyk. — Indi halypalaryňyz baradaky gürrüň bilen söhbedimizi dowam edäýsek. — Ýaňam belleýşim ýaly, dädem sungata sarpa goýýan adamdy. Şeýle bolansoň, öýümiz hemişe aýdym-sazlydy, alaýazdy. Öýümize atly-abraýly bagşylar gelerdiler, ilkagşamdan başlanan saz-söhbet tä daňyň düýbi gyzarýança dowam ederdi. Dädemiň ýanyna gelýän halypa bagşy-sazandalar Nurberdi Gulow, Sarman Hudaýberdiýew, Täşli Berdiýew, Aşyrmämmet Dawudow, Baýram Goçmyradow dagy dädemden soňky halypalarymdy. Olar öýümize ýygnanan wagtlary aýdym- -sazyň inçe tilsimleri hakynda gürrüň ederdiler, pikir alşardylar. Mundan başga-da, halypa-bagşylar Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Annaberdi Atdanowyň telewideniýede, radioda ýaňlanýan aýdym-sazlary meniň sungatda taplanmagyma ýakyndan ýardam etdi. 1969-njy ýylda, Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 1-nji synpynda okaýarkam, ilkinji gezek «Hem kömelek, hem gülälek» diýen aýdym bilen sahna çykypdym. 1978-nji ýylda orta mekdebi tamamlanymdan soňra bolsa sungat ýoluna ymykly düşdüm. — Üstünligiň açary nämede diýip düşünýärsiňiz? — Halal zähmetde, yhlasda, irginsiz gözlegde. Üstünligiň syry diýlende, men ýene-de dädemiň aýdanlaryny ýatlasym gelýär. Ol hemişe bize haýsy käri saýlap alsaňam, şoňa kalbyň, onki süňňüň bilen berlip, işlemegi tabşyrardy. Şonuň üçinem bu sowalyňa: «Käriňe bolan söýgi — üstünligiň açary» diýip jogap beresim gelýär. — Durmuşyňyzdaky bagtly pursatlary ýatlaýsaňyz. — 1992-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji bolmagym geljekki üstünliklerime badalga boldy. 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 2012-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara eýe boldum. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanmagym başymy göge ýetirdi. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk meniň kalbyma ganat berdi diýip, arkaýyn aýdyp bilerin. Şu ýyllar meniň iň öndürijilikli, döredijilikli işlän ýyllarymdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde döreden aýdymlarymyň sany 60-dan geçdi. Sungat wekilleri bolan biz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagtyň gujagynda ýaşaýarys. Eziz Arkadagymyzyň beýik işleri bilen Watanymyz galkynýar. Döwletimiziň ýeten şeýle belent derejeleri bolsa bizi has-da joşdurýar. — Aýdymyň şowly çykmagy onuň sözlerine-de bagly diýýärler. Bu babatda siz nähili pikirde? — Aýdymyň şowly çykmagy, köp babatda, sözleriniň akgynly bolmagyna-da bagly. Nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň sözlerine döredilen aýdymlar ýürege ýakyn. Mundan başga-da, döwürdeş şahyrlarymyzdan Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, Nurgözel Gozlyýewanyň, Bibisara Hojanazarowanyň sözlerine aýdymlary döretdim. — Köp şägirt ýetişdiren halypany bol miweli daragta meňzedýärler... — Elbetde, bu — durmuş hakykaty. Şägirtlikden halypalyga ýetýänçäň, aýdylyşy ýaly, kän çorba sowatmaly bolýar. Menem ussat halypalardan tälim alyp, aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwrene-öwrene, ymykly sungat ýoluna düşdüm. Indi şol geçen ýolumda öwrenen zatlarymy ýaşlara öwretmekde özümi borçly hasaplaýaryn. Şägirtlerim Arazbibi Ýarmuhammedowa, Sonagül Şämiýewa, Halnazar Sabirow, Güljemal Annaýewa dagy eýýäm il arasynda tanalýan aýdymçylar. Şu günlerem ýaş aýdymçy Mähri Allakowa bilen ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna sowgat hökmünde «Söý Watany!» diýen aýdymy taýýarlaýarys. — Halypa hökmünde öňde goýýan maksatlaryňyz we arzuwl ar yň yz hakynda-da aýdaýsaňyz. — Maksadym — täze aýdymlary döredip, günbe-günden gül açýan ata Watanymyzy, baky bagta ýetiren mähriban Arkadagymyzy, abadan durmuşymyzy, tebigat gözelligini wasp edip, il-güne ruhy lezzet paýlamak. Hormatly Prezidentimiz zähmet çekýän adamlaryň gadyryny bilýär, olara hormat-sarpa goýýar. Men hem Türkmenistanyň halk artisti hökmünde ömrümi sungata bagyş edip, halal zähmet çekmäge borçludyryn. Eziz Arkadagymyza türkmen sungatyna goýýan sarpasy üçin tüýs ýüregimden alkyş aýdýaryn. Arzuw-islegim — Watanymyzyň mundan beýlägem abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň artmagy, sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy. Ýerine ýetirýän aýdymlaryň halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanmagy bolsa, zähmetiň ýerine düşdügidir. — Altyn halypa, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, mahmal owazyňyz hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

 

Söhbetdeş bolan Nursoltan Dep­bi­ýewa, «Balkan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.