Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BILIM OJAGYMYZ — GUWANJYMYZ

Ösüp gelýän ýaş nesliň ata Watanymyza peýdaly, ilimize gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly möhüm işe mekdebimiziň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaş- ýarlar. Olar okuw-terbiýeçilik işlerini hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, döwrebap derejede guraýarlar. Şonuň netijesinde bilim ojagymyzda okuwçylara berilýän bilimiň hili barha ýokarlanýar. Edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigine mekdebimiziň dürli derejelerde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlik gazanýandygy hem doly şaýatlyk edýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda biziň bilim ojagymyz «Iň gowy orta mekdep» diýen at bilen welaýat derejesinde geçirilen bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy.

Mekdebimizde okuwçylara çuňňur bilim bermek, okuw-terbiýe- çilik işlerini göreldeli guramak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi, otaglaryň multimediýa tagtalary, kä- mil kompýuterler we beýleki zerur okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilendigi bellärliklidir. Mekdebimize indi çärýek asyra golaý wagtdan bäri «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň ussat mugallymy Annamuhammet Garaýew başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Ol mekdebimiziň işgärleriniň ukyp-ba- şarnygyny öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge gö- nükdirýär. Bu wajyp işe biziň guramamyzyň agzalarynyň işjeň gatnaş- ýandyklaryny hem belläsim gelýär. Ilkinji guramamyzda agzalaryň 50-ä golaýy bolup, olaryň 30-dan gowragy mugallymlardyr. Biz agzalarymyzyň yhlasly zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegini, olaryň hak-hukuklarynyň goralmagyny gazanmaga ýakyndan üns berýäris.

Maksatlaryň birdigi, jebislik ýagdaýy çekilýän tutanýerli zähmetiň ýerine düşmegine getirýär. Okuw- çylarymyz bilim almaga, ylmy gözlegleri alyp barmaga höwesli ýapyşýarlar. Olar etrap, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerinde şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.

Gahryman Arkadagymyza wepaly, watansöýer, arassa ahlakly, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ýadawsyz aladalanýan kärdeşlerimiz beýik senäni — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda göreşýärler. Ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine yhlas siňdirilýän asylly işleriň, alnyp barylýan döredijilikli gözlegleriň oňyn netije berjekdigine berk ynanýarys.

 

Baýramdurdy AKMÄMMEDOW, Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.