Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AGZYBIRLIK WE HÖWES BILEN

Ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny päk zähmetimiz bilen şöhratlandyrmak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Şanly senä zähmet sowgatly barmak ugrundaky ählihalk hereketine etrabymyzyň oba zähmetkeşleri hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň arasynda guramamyzyň agzalary ýokary işjeňlik görkezýärler. Ýeri gelende etrap boýunça ilkinji guramalaryň 112-siniň bolup, özlerine agzalaryň 26500-e golaýyny birleşdirýändigini, olaryň aglaba böleginiň bolsa obasenagat toplumynda, has takygy, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek işinde joşgunly zähmet çekýändiklerini nygtasym gelýär. Munuň özi biziň alyp barýan gündelik işlerimiziň esasy ugruny we manymazmunyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz zähmet adamlaryny goldamak, olaryň öndürijilikli zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikleri döretmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Şol jogapkärli wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde oba adamlarynyň ene topraga, ondan bereketli hasyl almaga bolan gyzyklanmalary görnetin ýokarlandy. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde hem güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişildi. Möhüm möwsümleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen zähmet bäsleşigi yglan edildi. Ýaryşly iş bolsa ýeňişli işdir. Etrabymyzda ykbalyny topraga baglap, ondan saçaklarymyza rysgal-bereket bolup dolýan azyk önümlerini bolluk bilen öndürmek işinde gaýratlylyk görkezýän daýhanlar, kombaýnçylar, sürüjiler bir ýa-da iki däl. Olar özleriniň erkin we yhlasly zähmet çekmekleri üçin döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Olaryň hatarynda «Awçy» daýhan birleşiginiň ussat pagtaçysy Döwlet Orakow, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçysy Ysmaýyl Makgyýew, «Görelde» daýhan birleşiginiň sürüjisi Röwşen Meredow we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň adamlar şanly baýram ýylynda hem janypkeşlik bilen zähmet çekýärler. Olaryň gowy göreldesine eýerýänleriň sany bolsa ýyl-ýyldan artýar. Diýmek, etrabymyzyň zähmetkeşleriniň ýurdumyzyň okgunly ösmegine goşýan goşandy geljekde has saldamly bolar. Agzybirlik we uly höwes bilen zähmet çekmek arkaly şanly ýylda Watan harmanyna 50,7 müň tonna pagta tabşyrmak baradaky belent sepgide abraý bilen ýetiler.

 

Arzuw SAPAROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.