Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BIR MAKSAT, BIR GELJEK” ATLY DABARALY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat, Energetika we Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň bilelikde gurnamaklarynda “2021-nji ýyl, Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de  Gurluşyk, energetika we jemagat işgärleriniň güni mynasybetli “Bir maksat, bir geljek” atly dabaraly maslahaty geçirildi.

surat

Maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow alyp baryp, onda “Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama birleşiginiň inženeri, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Begenç Nuryýew, “Seýsmiki ýagdaýa durnukly” gurluşyk ylmy barlag institutynyň seýsmologiýa esaslary we binýatar barlaghanasynyň inženeri Hezretmuhammet Eýeberdiýew, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korparasiýasynyň baş hünärmeni Abdyrahman Myratdurdyýew, “Döwletenergogözegçilik” kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýazmyrat Çonanow, “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň suw we lagym abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň hünärmeni Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Gülnabat Babaýewa, Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başga işlerden boşadylan başlygy Kümüş Nazarowa dagy çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.