Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SAGDYN BEDENDE – SAGDYN RUH” ADY BILEN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen “Aşgabat” Teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakda ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek maksady şeýle-de 2021-nji ýylyň sentýabr aýy boýunça “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” ady bilen 1 aýlyk ýol hereketiniň düzgünleri barada wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni Nartäç Kaýypowa alyp baryp, onda “Gyşky oýunlar” sport toplumynyň şepagat uýasy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Halbibi Taganowa, Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Ýazbike Öwezgeldiýewa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.