Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY - ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Ylym we bilim işgärleriniň, Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň bilelikde geçirýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly maslahaty geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Döwran Amanmyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Röwşen Gapbargulyýew, “Awtomobil ulag hyzmaty” AGPJ-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Altyn Aşyrowa, Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Merjen Tuşyýewa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.