Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

NETIJELI TAGALLALAR

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň çäginde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan meýilnamalaýyn wagyz-nesihat we düşündiriş işleri giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki günlerde etrabymyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda ýaş nesliň wekilleri döwrebap derejede bilim-terbiýe alýar, edara-kärhanalarda ýaş hünärmenleriň, işçi-gullukçylaryň uly topary zähmet çekýär. Şonuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzyň ähli babatda sazlaşykly ösýän, döwrümiziň özgerýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanýan döwründe ildeşlerimiziň köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça düşünjelerini artdyrmak babatdaky tagallalara goşant goşmagy wagyz-nesihat çärelerimiziň esasy özeni hasaplaýarys.

Etrabymyzyň orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň eýýäm birnäçesinde «Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!» «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy», «Ýaşyl yşyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary guramaçylykly we netijeli geçirildi. Şol duşuşyklara etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň ýörite wekili hem gatnaşyp, ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça işjeň usulda sapaklary geçdi. Mekdep okuwçylarydyr çagalar baglarynyň körpelerine köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada berlen täsirli gürrüňler olaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

 

Meýlismyrat MYRADOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.