Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ARKADAGDAN ARKAM BAR, MIRASYMA SARPAM BAR” ATLY EL IŞLERINIŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda “Arkadagdan arkam bar, mirasyma sarpam bar” atly el işleriniň bäsleşigi geçirildi.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe kämilligiň gözbaşyna, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjine öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän belent ynsanperwerlik däplerimizi dowam etdirmek bilen, gelin-gyzlarymyz bu gün eziz Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarlar.

surat

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň göwherden gymmatly eserleriniň gelin-gyzlarymyzyň el hünärini wasp etmegi olaryň başyny göge ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly eserlerinde enelerimiziň el hünärine hormat örboýuna galýar. Ähli türkmen zenanlary üçin nusga bolan mähriban enäniň, Gahryman arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ýürek mähri, yhlasy bilen siňen sungat eseriniň – mähir siňdirip bejeren kürtesiniň paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň we öz halkyňy söýmegiň beýik nusgasyna öwrüldi. Bu nusgalyk ýörelge ýaş nesillerimiziň özünde milli mirasymyzyň ynsan kalbyny heýjana salýan amaly-haşam sungatymyza, ynsan eli bilen döredilen ajaýyp sungat eserlerine buýsanjyny has-da beýgelder.

Geljegimiz bolan ýaşlara dürli hünärleri öwretmek, durmuşa we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhyny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik ýaş nesiliň milli mirasymyza bolan buýsanjyny has-da beýgelder.

Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirilen işler okuwçy gyzlarda türkmen gelin-gyzlarynyň asyrlardan aşan el işleriniň inçeligini, näzikligini, gelin-gyzlarymyzyň ojaga wepalylygyny, yhlaslylygyny içgin öwrenmäge mümkinçilik döretdi.

Halkymyzda gyz çaga ýaşlykdan inçe hünärler, nepis el işleri öwredilipdir. On barmagynyň hünäri gyz-gelniň ýüzüniň tuwagy saýylypdyr. Keşde çekmek, basma basmak, aldymgaç kakmak, jähek çalmak, gaýma gaýamak ýaly el işleri sabyr-takady talap edýär, gyz çagada zähmetsöýerlik, çydamlylyk, parasatlylyk, takatly bolmak ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmäge goşant goşar.

Bäsleşigiň çäklerinde ýerine ýetirilen el işleri okuwçy gyzlarymyzy durmuşa taýýarlamaga, ýaşlykdan hünäre ugrukdyrmaga ýardam edýär. Okuwçy gyzlaryň çeperçilik we amaly-haşam sungatyna bolan söýgüsini, ukybyny we zehinini, başarnygyny açyp görkezýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Ýörite habarçymyz

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.