Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

RUHUBELENT KÄRENDEÇILER

Gün dogmanka işe başlaýan kärendeçilerimiz billerini berk guşap, pagta meýdanlarynda tutanýerlilik görkezýärler. Olar pagta hasylyny ýygnap, döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny amal etmäge ymtylýarlar. Alyn derini döküp ýetişdiren pagta hasylyny isripsiz ýygnamagyň özi-de kärendeçilerimiz üçin uly borçdur. Ajaýyp döwrümizde kärendeçilerimiz Gahryman Arkadagymyzyň satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli tehnikalaryndan we mineral dökünlerden peýdalanýarlar. Ene topragy suw we dökünler bilen iýmitlendirseň, garaşýan hasylyňy berýär.

Idegi ýetik gowaçalar bol hasyl getirdi. Bu gün daýhanlarymyz ýetişdiren pagta hasylyny ýygnamaklyga uly güýç bilen girişdiler. Pagta hasylyny ýygmakda jemgyýetçilik guramalary hem çetde durmaýarlar. Pagta ýygymy gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar.

Öňdebaryjy kärendeçilerimiz nusga alarlyk iş bitirýärler. Ussat kärendeçileriň gazanýan ajaýyp üstünlikleri biziň her birimizi buýsandyrýar we guwandyrýar. Tagtabazar etrabynyň daýhan birleşikleri özara bäsleşip işleýärler, oňat netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelýärler. Etrabyň kärendeçilerinden ­«Marçak» daýhan birleşiginden Öwülýaguly Gylyjow 2 gektardan 5600 kilogram, «Saryýazy» daýhan birleşiginden Röwşen Gurbanow 1 gektardan 2600 kilogram, «Pendi» daýhan birleşiginden Aýjemal Durdyýewa 1 gektardan 2350 kilogram, «Azatlyk” daýhan birleşiginden Sapargeldi Rejepow 0,5 gektardan 1900 kilogram, «Daýhan» daýhan birleşiginden Agzam Baýramow 2 gektardan 5247 kilogram pagta hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, Watan harmanyna tabşyrdylar. Ezber kärendeçilerimiz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda pagtany soňky hanasyna çenli ýygnamagy özlerine borç edinýärler.

Ýokary netije görkezen kärendeçilerimize TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Kärendeçilerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna sowgatly barýarlar.

 

Gülälek SAPARMYRADOWA. TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.