Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHERLI ÝYLANLAR

Ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerde ýerleşendir. Howa şertleriniň dürlüligi biodürlüligiň örän baý bolmagy bilen şertlendirilýär. Deňziň, çöldür sähralaryň, dagdyr düzlükleriň, tokaýlaryň bolmagy Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň esasy bölegi bolan oňurgaly haýwanlaryň wekilleri birnäçe klaslardan, toparlardan ybarat. Şolaryň biri hem süýrenijilerdir. Türkmenistanda süýrenijileriň 79 görnüşi duş gelip, pyşdyllaryň 3 görnüşi, hažžyklaryň 47 görnüşi, ýylanlaryň 29 görnüşi hasaba alnan. Süýrenijileriň görnüşleriniň dürli-dürli bolmagy ýaşaýyş durmuşyny tapawutlandyrýar. Olaryň göwrümi 4-5 santimetrden 2 metre çenli, şonuň ýaly hem agramy 1 gramdan 3 kilograma çenli jandarlardyr.

Käbir görnüşleriniň ýaşaýşy suw bilen bagly bolsa, beýleki biri suwsuz hem ýaşap bilýärler. Süýrenijiler sowuk, ganly jandarlardyr. Olaryň işjeňligi daşky gurşawyň gyzgynlygyna baglydyr. Olar iýýän iýmitini topragyň gyzgynlygyna görä siňdirýärler. Has içgin bilinmeli süýrenijileriň görnüşleri ýylanlardyr. Ýylanlaryň 29 görnüşiniň 4 görnüşi zäherlidir. Kepjebaş, alahöwren, galkanburun, göklors zäherli ýylanlardyr. Adatça, ýylan ýa-da ýylanlar barada, aýratynam, olaryň zäherli görnüşleri hakynda makaladyr kitap okalanda, ýa-da gürrüň edilende bu jandarlaryň ýatdan çykmajak özboluşly keşbi biygtyýar göz öňüňe gelýär. Hakykatdanam, olaryň gizlin ýaşaýşy, seredişi, beýleki jandarlara mahsus bolmadyk daş keşbi, süýrenip, sessiz-üýnsüz hereket edişi, garaşylmadyk ýagdaýda duýdansyz ýerlerde gabat gelmegi we şular ýaly köp-köp beýleki häsiýetleri olary iň syrly jandarlaryň hataryna goşýar. Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Ösümlikler gülleýär, guşlar uçup gelýärler, mör-möjekler hereket edip başlaýarlar. Şolar bilen bir hatarda süýrenijiler hem gyş ukusyndan oýanyp, Günüň ýakymly şöhlesine çoýunyp ýatýarlar.

Bahar aýlary käbir ýylanlara golaýlaşmagyň has hatarlydygyny belläp geçmek gerek. Munuň sebäbi bolsa şol döwürlerde olaryň jübütleşýän wagtlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle ýagdaýlarda ýylanlar örän tolgunçly, howsalaly, göçgünli, gaharly bolýarlar. Şunlukda olara ýakynlaşmak hasam çetindir. Höwrüni gabanyp, olaryň adama topulmaklary we çakmaklary örän ähtimaldyr. Bahar pasly adamlaryň göwünleri açylyp, gözel tebigaty synlamak, arassa howada dynç almak, şonuň ýaly hem hojalyk işleri bilen meşgullanmak üçin meýdana çykylanda örän seresap bolmalydyr.

Eger adam ýylana golaý barmasa, ony ellemese, bu jandaryň guýrugyndan ýada beýleki ýerinden basmasa, ol adamy hiç wagt çakmaýar. Ýylanlar özleriniň gymmatly zäherini ownuk jandarlary çakyp, olary hereketden galdyryp ýuwutmak üçin ulanýarlar. Ýylanlaryň oba hojalyk pudagynda ekinlere zyýan berýän gemrijileriň sanyny kadalaşdyrmakda, zäheriniň lukmançylykda we biohimiýada ulanmakda ähmiýeti örän uludyr. Mundan başga-da, ýylanlar ýabany haýwanlaryň iýmit zynjyrynyň wajyp bölegi bolup, guşlaryň we beýleki haýwanlaryň ätiýaçlyk höregidir. Şonuň üçin olary gorap saklamak zerurdyr. Käbir görnüşleri seýrek duş gelip, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giri zilendir. Göklors seýrek görnüş bolup, goraga mätäçdir.

 

Nurmuhammet HUDAÝGULYÝEW. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy. KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.