Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞLARA ÖWREDÝÄRIS

Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Şol derwaýys işleriň möhüm bölegi hem olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdyr.

Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şonuň bilen baglylykda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara dahylly bolman, eýsem, her bir raýatyň borjy bolup durýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde hem dowam edýän biraýlyk mynasybetli iş meýilnamasy işlenilip düzüldi. Şol esasda şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleriniň gatnaşmaklarynda çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden başlap, orta mekdepleriň okuwçylarynyň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem dürli edarakärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmäge degişli dürli çäreler, maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler guralýar.

Biz hem biraýlygyň çäklerinde ýaş nesle ýol hereketleriniň kadalaryny we olary berjaý etmegiň düzgünlerini öwredýäris. Körpeleriň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşikleri geçirýäris. Şol bäsleşikleriň üsti bilen bolsa, ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleri, kadalary we ýol hadysalarynda ýüze çykyp biläýjek heläkçilikler dogrusynda çagalara düşündirýäris.

 

Gunça ISAÝEWA, Türkmenabat şäherindäki 41-nji «Dostluk» çagalar bagynyň terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.