Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ABADAN ÝOLLAR - OWADAN ÝOLLAR

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak günlerinde durmuşa geçirilýän oňyn işler, baýramçylyga bagyşlanýan çäreler göwnümizi has-da galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynyň ilkinji güni yglan edilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi hem indi däbe öwrüldi.

Elbetde, bu geçirilýän biraýlygyň ähmiýetiniň juda uludygyny turuwbaşdan nygtamak isleýäris. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen täzeden gurulýan, durky düýpgöter gözelleşýän ýollarymyzyň asuda, abadan, owadan bolmagy ýurdumyzda alnyp barylýan işlerde baş maksat bolup durýar. Hut şu jähetden hem her ýylda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu çäräniň okuwyň başlanmagy bilen geçirilmegi tomusky dynç alyşdan gelen okuwçylarymyzyň aňyna juda berk ýazylýandygyny hem nygtamalydyrys. Biz hem şonuň üçin mekdebimizde bu biraýlyga bagyşlap ýörite meýilnama esasynda wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirýäris.

Mekdebimizde kiçi synplaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri bilen baglanyşykly «Kim köp bilýär?» atly synp sagatlarynda bäsleşikleri hem guraýarys. Tapawutlanan okuwçylary sylaglap höweslendirýäris. Şeýle-de ýörite mugallymlardan düzülen meýilnama esasynda okuwçylaryň ýoldan geçişlerine gözegçilik edilýär.

 

Dursunjemal IBRAGIMOWA, Türkmenabat şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň müdiri, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.