Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ŞAN-ŞÖHRATLY SIZIŇ BILEN, ARKADAG!

14. 2020-nji ýyl: parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine.

Mälim bolşy ýaly, 12-nji dekabrda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilmegi 2020-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Hut şu sene ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygaryny hem-de ýurdumyzyň baş şäherinde bolan esasy wakalaryň ugurlaryny kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda eden çykyşynda türkmen Bitaraplygynyň baýramynyň çärýek asyrynyň dowamynda geçilen ýola syn bermek, ýerine ýetirilen işleri jemlemek, baky Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň häzirki ösüşine baha bermek üçin oňat mümkinçilikdigini aýtdy. Bu forum ýurdumyzda, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda dürli jemgyýetçilik-syýasy we medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegine badalga berdi.

15-nji iýunda milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda gurlan dynç alyş düzüminiň desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, paýtagtymyzyň ýyl ýazgysyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy.

Şondan biraz öňräk, 3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda döredilen «Bütindünýä welosiped güni» mynasybetli paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçeleriniň kesişýän ýerinde «Welosiped» binasy açyldy. Bu bina türkmen halkynyň halkara sport hereketine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň açylmagy Aşgabatda bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Mundan başga-da, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi dabaraly ýagdaýda açyldy. Oktýabr aýynda paýtagtymyzyň Astana köçesiniň ugrunda zehinli çagalaryň we ýetginjekleriň aýdym-saz, tans we surat çekmek bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilen «Jahan» döredijilik merkezi açyldy.

10-njy oktýabrda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde hormatly Prezidentimiz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylan möhüm saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesini açdy.

28-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň merkezi ýollarynyň — S.Türkmenbaşy we  A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň, şeýle hem täze «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

10-njy noýabr hem aşgabatlylar üçin ýatdan çykmajak günleriň birine öwrüldi. Şol gün paýtagtymyzyň günbatar böleginde, Magtymguly Şaýolunyň ugrunda, Taslama we Tähran köçeleriniň aralygyndaky giň meýdanda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaý toplumynyň we beýleki desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şeýle hem, şäheriň şol böleginde häzirki zamanyň ähli talaplaryna laýyk gelýän «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi guruldy.

Şondan on gün geçenden soň milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň täze ýaşaýyş jaý toplumyny açdy. Toplumyň ýaşaýjylarynyň, içeri işler edaralarynyň şahsy düzüminiň ýüztutmalary hem-de ministrligiň towakganamasy esasynda, Mejlisiň Kararyna laýyklykda bu ýaşaýyş jaý toplumyna Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

2020-nji ýylyň paýtagtymyzda diňe bir täze desgalaryň açylyş dabaralaryna däl, eýsem, beýleki köpsanly jemgyýetçilik-syýasy çärelere beslenendigini hem bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, ýylyň dowamynda Konstitusion topar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Başlyklygynda uly işleri amala aşyrdy. Şonuň netijesinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda, hususan- da, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny iki palataly ulgama geçirmegiň konstitusion-hukuk esaslary, şol palatalaryň borçlary we ygtyýarlyklary anyk beýan edildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokarda agzalan Konstitusion kanun ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly Aşgabatda geçirilen mejlisine gatnaşyjylar bu Kanuny biragyzdan makulladylar, Türkmenistanyň Mejlisi bolsa ony kabul etdi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze wekilçilikli edara — Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi. Ol iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr.

9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilmegi şanly wakalaryň birine öwrüldi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we paýtagtymyzyň jemgyýetçiligi «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdylar.

2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XII tomunyň we beýleki eserleriniň çapdan çykandygyny bellemelidiris. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyzda köpsanly çäreler, şol sanda ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleriniň sergileri, halkara maslahatlar we fotosergiler, täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralary, «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly telebäsleşikler, döwlet we milli baýramçylyklar mynasybetli konsertler, daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary bilen döredijilik wideoduşuşyklary guraldy.

Ýylyň         “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen şygary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ýylyň başynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň barşynda halkara guramalaryň wekilleri bilen resminamalaryň 12-sine gol çekmek dabarasy boldy.

2020-nji ýylda döwlet Baştutanymyz onlaýn tertibinde ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we forumlaryň birnäçesine gatnaşdy.

2-nji iýulda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň giň möçberli bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmegiň dürli meselelerine garaldy.

7-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşygy geçirildi. Onda ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek meselesine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz 23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde häzirki döwrüň derwaýys meseleleri barada durup geçip, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG-niň ornuny belledi. Milli Liderimiz COVID-19-a garsy göreşmekde tagallalary birleşdirmek, Owganystana kömek bermek, Aral deňzi boýunça Ýörite maksatnamany kabul etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berdi.

Dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli iri forumlaryň birnäçesi, şol sanda onlaýn maslahatlar geçirildi.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75 nji mejlisi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça täze taryhy resminamany — «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamany kabul etdi. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisinde «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama kabul edildi.

12-nji dekabrda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş etdi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we beýleki iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.

Umuman, 2020-nji ýyl biziň ýurdumyz we ak mermerli paýtagtymyz üçin möhüm ähmiýetli wakalara baý bolan ýyllaryň birine öwrülip, hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny äleme äşgär etdi.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.