Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMETKEŞLERIŇ ARASYNDA

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gökdepe etrabynyň pagtaçylary gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler hem-de häzirki günlerde ýygymy güýçli depgin bilen alyp barýarlar. Etrabymyzyň medeniýet we sungat işgärleri bolsa, pagtaçylaryň armasyny aýdym-sazly çykyşlary bilen ýetirip durýarlar.

Ýakynda etrabyň «Akgoňur» daýhan hojalygynyň çägindäki meýdan düşelgesinde geçirilen medeni-dynç alyş dabarasynda medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlary özleriniň şirin owazly sungat çykyşlary bilen ýygymçylara, pagta ýygyjy kombaýnlaryň mehanizatorlaryna hem-de «ak altyny» harmana daşamaga gatnaşýan ulaglaryň sürüjilerine şatlyk paýladylar. Günortanky arakesmede bolan dabarada ýaňlanan aýdym-sazlar pagtaçylarda ýakymly täsirleri döretdi.

Etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrabyň medeniýet bölümi tarapyndan guralan dabaranyň barşynda pagta ýygymy möwsüminde tapawutlanýan zähmetkeşlere sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi pagtaçylary uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

 

Begençnur YLÝASOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.