Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖŇDEBARYJYLARA SOWGATLAR

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda güneşli Diýarymyzyň janypkeş «ak altyn» ussatlary gowaçanyň bol hasylyny kemala getirdiler hem-de häzirki günlerde pagta ýygymyny gyzgalaňly alyp barýarlar. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny ýokary hilli, çalt we ýitgisiz ýygnamak möwsümde esasy talaplaryň biridir. Şoňa görä-de, pagta ýygymy möwsüminiň ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylmagy ugrundaky işlere welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi saldamly goşant goşýar. Bu ugurda yglan edilen ongünlük zähmet bäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Bu zähmet bäsleşiginiň welaýatymyzda galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berlen gününden yglan edilmegi möwsüme gatnaşýanlarda özboluşly zähmet joşgunyny döretdi.

Pagta ýygyjy kombaýnlara erk edýän öňdebaryjy mehanizatorlary, ýüwrük elli ýygymçylary, hasyly harmanhanalara daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjilerini, meýdan düşelgelerini gurnaýjylary ýüze çykarmak we höweslendirmek ongünlük zähmet bäsleşikleriniň esasy maksady bolup durýar. Özboluşly bäsleşigiň jemi her on günden jemlenilýär we şol döwürde ýokary görkezijilere eýe bolan zähmetkeşler ýüze çykarylýar. Ýeňijiler iş üstünde, şeýlede meýdan düşelgelerinde gysga wagtlyk arakesmelerde guralýan medeni-dynç alyş dabaralaryň barşynda sylaglanylýar. Şeýle höweslendiriş işleri pagta ýygymynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär.

 

Döwran GURBANOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.