Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖŇDEBARYJYLARA SOWGATLAR

Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri häzirki pagta ýygymy möwsüminde wagtyň her bir sagadyndan netijeli peýdalanyp, «ak altynly» atyzlardaky hasylyň ýygymyny guramaçylykly alyp barýarlar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bu asylly işden çetde durmaýar, olar pagtaçylaryň armasyny ýetirmek bilen, ongünlük zähmet bäsleşiklerini yglan edýärler, höweslendiriş çärelerini yzygiderli guraýarlar. Ýakynda etrap häkimliginiň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde yglan eden ongünlük zähmet bäsleşiginiň jemi jemlenende öňdebaryjy ýygymçylar, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri, şeýle-de pagtaçy kärendeçiler kesgitlendi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri daýhan birleşiklerdir daýhan hojalyklarynda bolup, ýeňijilere sowgatlaryny iş üstünde gowşurdylar. Ýeri gelende, ilkinji ongünlük bäsleşiginde ýygymçylaryň arasynda Güljahan Suhanowanyň, Gözel Annadurdyýewanyň, hasyly harmana daşamaga gatnaşýan sürüjileriň arasynda Amannazar Suhanowyň ýeňiji hökmünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Ýeňijiler bilen iş üstünde bolan duşuşyklaryň barşynda «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamakda pagtaçylara uly üstünlikler arzuw edildi.

 

Wepa ÝAZGYLYJOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.