Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞAN-ŞÖHRATLY DIÝARYM

Bagtyýar ulus-ilimiz indi otuz ýyldan bäri altyn güýzüň ajaýyp çagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi giňden baýram edip belleýär. Bu sene halkymyz üçin uly mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy biziň merdana halkymyza özüni erkin duýmaga, bagtly ýaşamaga ruhy güýç berýän mukaddes baýramdyr. Bu baýram eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny we milli bitewüligini şöhratlandyrýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny egsilmez şatlyk duýgusy bilen garşylaýar. Toý ruhy ähli obalarymyzyň, şäherçelerimiziň we şäherlerimiziň baýramçylyk keşbinden aýdyň duýulýar. Ildeşlerimiziň her biri bu senä ajaýyp sowgady bilen barmak üçin tutanýerli zähmet çekýär. Pagtaçylarymyz «ak altynly» atyzlarda birkemsiz kemala getirilen gowaça hasylyny ýygnamakda yhlaslylyk görkezseler, gallaçy daýhanlarymyz geljek ýylyň hasyly üçin däne ekişini gyzgalaňly alyp barýarlar. Ekerançylarymyz bolsa, ýetişdiren gök-bakja önümleriniň ýygymyny alyp barmak we ilata ýetirmek bilen, halkymyzyň toý saçagynyň berekedine saldamly goşant goşýarlar. Naýbaşy toýuň bosagasynda önümçiligiň dürli ugurlarynda zähmet joşgunyny duýmak has-da ýakymlydyr. Medeniýet we sungat ussatlarymyz bolsa, baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym-saz, tans çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet berip, olaryň toý şatlygyna şatlyk goşýarlar. Bagtyýarlyga beslenen şeýle ajaýyp günlerde eziz Diýarymyzyň sebitlerinde, şeýle-de merjen şäherimiz Aşgabatda dürli maksatly desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi aýratyn tolgundyryjy pursatlary döredýär. Berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde — Köpetdag şaýolunyň ugrunda Döwlet münberiniň, A.Nyýazow şaýoly bilen H.A.Ýasawy köçesiniň Halkara howa menziline çenli uzaýan böleginde täze seýilgähiň we ýerasty geçelgeleriň açylyp ulanmaga berilmegi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan ak mermerli Aşgabadyň nuranalygyny has-da artdyrdy. Bu wakalar ählimiziň baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy.

Bu şanly sene her birimize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagtyna guwanmaga, buýsanmaga ruhubelentlik berýär. Berkarar Watanymyzyň gysga taryhy döwrüň içinde ýeten beýik ösüşleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň tükeniksiz yhlas-aladalary, taýsyz tagallalary durandyr. Türkmen halkyny şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn!

 

Baýramsoltan MYRADOWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.