Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYK — BAKY BAGTYÝARLYGYMYZ

Gahryman Arkadagymyz bilen külli türkmen halky il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygyny giňden, dabaraly belläp geçýär. Eziz Diýarymyzda naýbaşy toýumyzyň şanyna aýdym-sazly dabaralar, döredijilik duşuşyklary, dabaraly maslahatlar, baýramçylyk sergileri we beýleki baý many-mazmunly çäreler giň gerime eýe bolýar. Häzirki günlerde Ahal welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, bilim-terbiýeçilik, medeniýet ojaklarynda şüweleňli baýramçylyk çäreleri guralýar. Şeýle çärelere işjeň gatnaşmak kalbymyzy egsilmez şatlyga besleýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralýan baýramçylyk çärelerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren ummasyz bagty, Watanymyzyň arşa göterilen şan-şöhraty dogrusynda uly buýsanç bilen söhbet açylýar. Dogrudan-da, Watanymyzyň, ulus-ilimiziň bu günki ýeten belent derejesi mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurt Garaşsyzlygy içinde güneşli Diýarymyz düýpgöter özgerdi. Watanymyzyň ähli welaýatlarynda, ak şäherimiz Aşgabatda köşgi-eýwanlary ýatladýan kaşaňdan-kaşaň ymaratlar, iri önümçilik toplumlary, zawod-fabrikler guruldy. Sebitlerde döwrebap obadyr şäherçeler bina edildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandy. Indi bagtyýar halkymyzyň eli uzadan ýerine ýetýär. Bu zatlar kalplary joşa getirýär, ýüreklere ylham berýär, ildeşlerimiziň her biriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli Garaşsyzlygymyz Türkmenistanyň täze taryhyny esaslandyrdy. Bu taryh XXI asyrda dünýä nusgalyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, özüni dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly we hormatly agzasy hökmünde ykrar etdiren halkymyzyň beýik taryhydyr» diýen çuň manyly sözleri bize ýurt Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna has çuňňur düşünmäge şert döredýär hem-de beýik işlere ruhubelentlik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ösüşlerine şaýat bolup, eşretli durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň özi çäksiz uly bagtdyr, Garaşsyzlygyň beren peşgeşidir. Şeýle döwletli eýýamda Watanymyzyň ýeten belent derejesi ählimizi buýsandyrýar. Eziz Diýarymyzy dünýä tanadan, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürüp, halkymyzy eşretli günlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

 

Hanmuhammet AMANGULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.