Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

REDAKSIÝANYŇ ELEKTRON POÇTASYNDAN: TÄZELIKLER, HABARLAR, WAKALAR

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda «Arkadagly ak ýollardan öňe barýar eziz Watan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat çäresine mekdebiň mugallymlary, ýokary synp okuwçylary, saglyk we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynda Çekişler oba Geňeşiniň, Çekişler oba medeniýet öýüniň wekilleri, mekdebiň mugallymlary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýeten eşretli durmuşymyz, Garaşsyzlygymyzyň miweleri, döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar nesillerimiz hakynda edýän bimöçber aladalary dogrusynda gürrüň berdiler. Mekdep okuwçylarynyň Garaşsyz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän goşgulary okap bermegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

 

Ýakup JEBELOW, Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

 

Daşoguz welaýat Kitaphanasynyň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, «Ga­raş­syz­lyk — ba­ky bag­ty­myz» diýen at bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we welaýat Kitaphanasy tarapyndan bilelikde guralan maslahata dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler taryhy taýdan gysga döwürde ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan ýaşaýyş, önümçilik we medeni maksatly binalar, desgalar barada giňişleýin gürrüň etdiler. Gazanylan beýik üstünlikleriň mähriban Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesidigi nygtaldy.

 

Jumagül HOJAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.