Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYNLYK ÄHLI ZATDAN ZERURDYR

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we kabul edýän il bähbitli Kararlary esasynda kesellere garşy göreşmeklige uly ähmiýet berilýär. Şu babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Munuň özi, ozaly bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ilatyň saglygyny berkitmäge, bedeni taplamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, çilimkeşlige, temmäki önümleriniň täsirinden ilaty, aýratyn hem, ýaşlary goramaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, häzir sagdyn iýmitlenmegi, dürli keselleriň öňüni almagy döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga aýratyn uly üns berilýär. Bu işleriň kanunçylyk binýady hem pugtalandyrylýar. Muňa «Çilim çekmegi, nas atmagy gadagan etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynyň, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiri barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň kabul edilmegi hem mysal bolup biler. Olary üstünlikli berjaý etmeklige gönükdirilen çäreleriň tutuş toplumy amala aşyrylýar.

Olara biz hem işjeň gatnaşyp, wagyz-nesihatlaryň üsti bilen halk köpçüligine düşündirýäris. Ilat arasynda bolup, çilimiň, spirtli içgileriň, temmäkiniň ynsan durmuşyna ýetirýän zyýanyny giňden wagyz edýäris. Bulardan başga-da, pasla görä geýinmek, kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak, howpsuz aralygy saklamak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek barada durup geçýäris.

Biz mundan beýläk-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, hormatly Prezidentimiziň Kararlaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge, halkyň saglygyny goramaga işjeň gatnaşarys.

Munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredýän eziz Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Arzuw IŞANGULYÝEWA, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap geňeşiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.