Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ATA WATAN ŞAN-ŞÖHRATLY SIZIŇ BILEN, ARKADAG!

15. 2021-nji ýyl: parahatçylyk we rowaçlyk ýoly bilen

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen aýlary iri jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý boldy. Bu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň ählihalk tarapyndan baýram edilýän ýylydyr.

Şanly senelere taýýarlyk görmek we baýramçylygy guramaçylykly geçirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyryldy. Bu ägirt uly we jogapkärçilikli işiň her bir tapgyryna Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatlarynda garaldy. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramy hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli maksatly desgalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda açyldy hem-de täze desgalaryň gurluşygynyň düýbi tutuldy.

Täze konstitusion edaranyň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary ýubileý ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrüldi. Şol saýlawlar 28-nji martda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde bäsdeşlik esasynda gizlin ses bermek arkaly geçirildi. 14-nji aprelde bolsa paýtagtymyz da döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň dabaraly açylyşy boldy. Şol ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu palatanyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Soňra Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda milli Liderimiz maksatnamalaýyn çykyş et di hem-de milli parlamentiň gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitlenildi.

Bu taryhy wakanyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze edara binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda iri desgalaryň ýene-de ikisi — Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi hem-de Kabul ediş merkezi açyldy, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. 21-nji aprel de Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Bu täze desgalar hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi ýurdumyzyň baş şäheriniň ösüşiniň gazananlaryny hem-de geljekki meýilnamalaryny doly şöhlelendirdi.

25-nji maýda, Aşgabat şäheriniň gününde hem-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýram edilen gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurlan iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan bu ägirt uly taslamada dünýäniň binagärliginde we şähergurluşygynyň ýörelgelerinde bar bolan ähli täzelikler öz beýanyny tapdy.

Umumy meýdany 744 gektara barabar bolan bu giň möçberli toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol özüne dürli maksatly desgalaryň 240-dan gowragyny birleşdirer. Şol desgalar bolsa ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak hem-de göwnejaý dynç almak üçin ähli şertleri bolan şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde köpsanly desgalar, hususan-da, etrap häkimliginiň we beýleki edaralaryň binalary gurlar. Düýpli maýa goýumlaryň hasabyna 1200 orunlyk çagalar baglarynyň 4-si, 3000 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň hem 4-si, Sungat mekdebi we 5000 orunlyk stadionly sport toplumy gurlar.

Toplumyň çäginde kaşaň, belent, has takygy, 12 — 35 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Olar da ýaşaýjylaryň 107 müňden gowragyna niýetlenen öýleriň 17 müň 836-sy ýerleşer.

Şol gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda has oňaýly iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 140-synyň açylyş dabarasy boldy. Milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda gurlan hem-de abadanlaşdyrylan kottejleri synlady. Döwlet Baştutanymyz şol jaýlaryň birine baryp, täze göçüp gelen maşgalanyň agzalary bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Arkadagymyz täze öýüň eýelerini tüýs ýürekden gutlap, olara sowgatlary gowşurdy hem-de täze jaýda bagtyýar durmuş, maşgala abadançylygyny, berk jan saglyk hem-de üstünlikler arzuw etdi.

Aşgabadyň 140 ýyllygyna gabatlanylyp, milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çapdan çykandygyny bellemelidiris. Bu eser köpsanly türkmen, şol sanda daşary ýurtly okyjylara Aşgabadyň taryhynyň möhüm sahypalary bilen tanyşmaga, sportuň, medeniýetiň, ylmyň we bilimiň ösen merkezi ne öwrülen paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde häzirki döwrüň gazananlarynyň öz beýanyny tapandygyna göz ýetirmä ge mümkinçilik berýär.

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde bina edilen kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Myhmanhana toplumy 220 müň ine-dördül metrden gowrak meýdanda ýarym aýlaw görnüşinde ýerleşýär. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi 76,5 metre barabardyr. Ol özüne 290 metre uzalyp gidýän merkezi binany birleşdirýär. Şol bina bolsa her biriniň uzynlygy 134 metre deň bolan iki bina sepleşýär. 22-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgünde dürli maksatly täze desgalaryň we binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binalarynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň taslamalary bar.

Şu ýylyň 27-nji iýuly türkmen sportunyň taryhyna hemişelik girdi. Çünki şol gün aşgabatly sport ussady Polina Gurýewa Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medala mynasyp boldy. Biziň türgenimiz özüniň uly üstünligini Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Arkadag Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işlerine bagyşlady. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek üçin ähli şertler döredildi.

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçirdi. Milli Liderimiz özüniň maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ösüşi, häzirki döwrüň ýaşlarynyň döwletiň we jemgyýetiň öňündäki borçlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde sentýabr aýynyň dürli iri wakalara baý bolandygyny bellemelidiris. Şolaryň hatarynda A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar böleginde döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň, Döwlet münberi toplumynyň dabaralary bar.

Halkara hyzmatdaşlygyň merkezi, sebit we ählumumy derejedäki möhüm forumlaryň hem-de duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde Aşgabat barada gürrüň edenimizde, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň özüniň parahatçylyk dörediji diplomatiýasyny hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeň ilerledendigini bellemelidiris.

Bularyň ählisi şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 16-njy aprelde kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», 29-njy iýulda kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwür de durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de 11-nji sentýabrda kabul edilen «BMG bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada» atly täze Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.

2021-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitinde, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etdi, şeýle hem «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň wekili bilen söhbetdeş bolup, sebit we ählumumy syýasatyň möhüm meseleleri barada durup geçdi.

14-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň açylyşyna gabatlanylyp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýyşlary giňden beýan edildi. Olarda häzirki döwrüň derwaýys meseleleri öz beýanyny tapdy.

27-nji sentýabr Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günüdir. Hut şol günde Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy, täze Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýörişi hem-de sungat ussatlarynyň uly konserti geçiriler. Bu çäreler türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiziň daşyna hasda berk jebisleşendigini bütin dünýä äşgär eder. Milli Liderimiz özüniň gündelik köpugurly işinde ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň jana-jan bähbitlerinden ugur alýar.

Islendik döwletiň şan-şöhratynyň onuň asylly we hoşniýetli işleri bilen artýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda tutuş dünýä gadymy türkmen topragyndan hoşniýetliligiň we döredijiligiň uly kuwwatynyň gözbaş alýandygyny öz gözleri bilen gördi. Mähriban halkymyz hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadançylygyň we gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.