Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

BIRAÝLYK ÜSTÜNLIKLI JEMLENDI

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len yg­lan edi­len «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk üs­tün­lik­li jem­len­di. Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­nyň biraý­ly­gy­nyň çä­gin­de Ka­ka et­ra­by­nyň bi­lim-terbi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da baý ma­ny-maz­mun­ly çä­re­le­riň bir­nä­çe­si ge­çi­ril­di. Et­rap po­li­si­ýa bö­lümi­niň po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­li­gi bö­lüm­çe­si­niň, et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň hem-de et­ra­byň jem­gyýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki me­ýil­na­masy­na la­ýyk­lyk­da or­ta mek­dep­ler­de we ça­ga­lar bag­la­ryn­da gu­ra­lan wa­gyz-ne­si­hat hä­si­ýet­li du­şu­şyk­la­ryň, mas­la­hat­la­ryň, söh­bet­deş­lik­leriň, bäs­le­şik­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ga­zan­mak­da äh­li ta­gal­la­lar edil­di.

Dür­li şy­gar­lar as­tyn­da gu­ra­lan wa­gyz-ne­sihat, dü­şün­di­riş iş­le­ri­niň bar­şyn­da ýol-ulag hady­sa­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň esa­sy se­bäple­ri, ola­ryň öňü­ni al­ma­gyň ýol­la­ry we he­re­ke­te gat­na­şy­jy­la­ryň borç­la­ry dog­ru­syn­da gür­rü­ňe aý­ra­tyn orun be­ril­di.

Ýol he­re­ke­ti­niň ýaş gö­zeg­çi­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­ler ça­ga­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Ýaş­la­ryň ara­syn­da köçe-ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni wa­gyz-ne­si­hat et­mek­de, bu bo­ýun­ça dü­şün­je­le­ri­ni art­dyr­makda bu bäs­le­şik­ler örän äh­mi­ýet­li bol­dy. «Türkme­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da iş­jeň­lik­de ge­çi­ri­len «Ýol here­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk ata Wa­ta­ny­myz­da ra­ýat­la­ryň bagty­ýar­ly­gy ug­run­da edil­ýän ala­da­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.