Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALK HAKYDASY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni geçirilýär. Bu gün­de 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer tit­re­me­sin­de we türkmen taryhynyň dürli döwürlerinde Watany, ene topragymyzy gorap wepat bolan merdana ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz ýatlanýar. Olaryň ruhuna dileg-doga, aýat-töwir edilip, sadakalar berilýär.

Şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda ýörite çäre geçirildi. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Çärede edermen ata-babalarymyzyň ýurt goragynda görkezen gahrymançylyklarynyň şu günki ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebidigi barada aýratyn durlup ge­çil­di. 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk urşuna, ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew hem gatnaşdy. Söweşlerden ýaralanyp gelip, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek kärini dowam etdirip ugran bu edermen, ilhalar ynsan 1948-nji ýyl­da duý­dan­syz bo­lup ge­çen ýer tit­re­me­de wepat boldy. Köp sanly adam pidalaryna getiren ýer titremesinde paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem uly weýrançylyga sezewar boldy. Häzirki döwürde mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, paýtagtymyz we tutuş ýurdumyz özüniň ak mermere beslenen owadan binalary, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýanlygy bilen dünýäde meşhurlyga, belent at-abraýa eýe bolýar.

Çärede bular barada giňişleýin gürrüň edilip, türkmen topragynda asudalygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli tagallalary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Gylyçdurdy HAÝDAROW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.