Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

OKUWÇYLARA DÜŞÜNDIRILÝÄR

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde ýokanç kesellere garşy göreş giň gerimde alnyp barylýar. Ýüze çykan ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek üçin biziň ýurdumyzda-da degerli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Bu babatynda lukmanlarymyz hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri il içinde düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Esasan-da, ýaş nesillerimiziň ýokanç kesellerden ägä bolmagy üçin degişli çäreler geçirilýär. Has takygy, mekdep okuwçylarynyň synp otagynda sany azaldylyp, olar tapgyrma-tapgyr bilim alýarlar. Ähli okuwçylar sapaga girmezinden öň lukmanyň gözegçiliginden geçýärler. Şeýle-de, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan olaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde alnyp barylýar. Onda okuwçylara talap edilýän düzgünleriň dolulygyna berjaý edilmelidigi tabşyrylýar hem düşündirilýär.

Ynsan saglygyny goramakda hem-de ony dikeltmekde irginsiz aladalanýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!

 

Röwşen ÇARYÝEW. Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Mary etrap geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.