Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

EKIŞ GYZGALAŇLY BARÝAR

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 8-nji mart daýhan birleşigi etrapda iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri hökmünde tanalýar. Hojalykda güýzlük bugdaýy ýetişdirmekde baý iş tejribesini toplan gallaçy kärendeçiler barmak basyp sanardan kän.

Gallaçy kärendeçiler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişi möwsümine taýýarlyk işlerine hem irgözinden guramaçylykly girişdiler. Bugdaý ekiljek ýerler şüdügärlenip, ýeňil tekizleme işleri geçirildi. Çil çekilip, wagtynda suw tutuldy we güýzlük bugdaý ekişine welaýatda hem-de etrapda ilkinjileriň hatarynda girişildi.

Şu günler güýzlük bugdaýyň ekişi gowşamaýan depginde dowam edýär. Bu işde Rejepmyrat Öräýew, Bazarbaý Bitakow, Suhanberdi Mämethanow ýaly mehanizatorlar aýratyn tapawutlanýarlar. Daýhan birleşiginde her günde ortaça 25 — 30 gektar meýdanda ekiş geçirilýär. Ekiş işleri ýörite hünärmenleriň gözegçiligi astynda alnyp barylýar.

 

Gülşat ARAZDURDYÝEWA, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.