Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

.
.

ÖŇDEBARYJYLARA SOWGATLAR

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak işi Bäherden etrabynda-da guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň pagtaçylary häzirki jogapkärli möwsümde wagtyň her bir pursatyndan netijeli peýdalanýarlar. Olaryň gündelik gazanýan üstünligi bolsa, pagtaçylaryň arzyly sepgidi nazarlaýandygyny alamatlandyrýar.

Etrabyň jemgyýetçilik guramalary möwsümiň ilkinji günlerinden bu möhüm işe işjeň goşuldylar. Olar pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak maksadyndan ugur alyp, etrap häkimligi bilen bilelikde, öňdebaryjy ýygymçylaryň, kärendeçileriň, kombaýnçylaryň we hasyly daşaýjy awtoulag sürüjileriniň arasynda zähmet bäsleşiklerini yglan etdiler hem-de her on günden onuň jemini jemläp, ýeňijileri sylaglaýarlar.

Ýakynda nobatdaky ongünlük zähmet bäsleşiginiň jemi jemlenende, etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory H.Hojammaýew kombaýnçylaryň arasynda öňe saýlanyp, ýeňiji boldy. «Garaşsyzlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi S.Mämmäýew, awtoulag sürüjisi M.Garajaýew hem ýokary görkezijileri gazanmak bilen, zähmet bäsleşiginde ýeňiji bolmagy başardylar. Agzalan zähmetkeşler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýörite sowgatlary bilen sylaglandy.

 

Garly GARLYÝEW, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.