Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARZUWYNA ÝETEN YHLASLY TÜRGEN

Gar­mäm­met Şa­mäm­me­dow Be­re­ket şä­he­rin­dä­ki 20-nji or­ta mek­de­bi­niň 4-nji syn­pyn­da okap­yö­ren wag­ty türk­men mil­li gö­re­şi bi­len gy­zyk­la­nyp ug­ra­dy.

213

Ol öz deň-duş­la­ry bi­len et­ra­byň sport mek­de­bi­niň türk­men mil­li gö­re­şi bo­ýun­ça gu­rna­gy­na ýazyl­dy.Oňa spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň birnäçe ge­zek çem­pio­ny, Türk­me­nis­tanyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Ýazmäm­met Ga­ra­ja­ýew tä­lim be­rip baş­la­dy. Her bir ga­za­ny­lan üs­tün­li­giň göz­ba­şy ar­zuw­lar­dan baş­lan­ýar. Ar­zu­wy bas­gan­çak­la­ra bö­lüp, her ýe­ti­len bas­gan­ça­gy «Üs­tünlik» di­ýip at­lan­dyr­ýa­rys­. Ýaş­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, öz ar­zuw­la­ry­ny «Üs­tün­li­ge» öw­ren us­sat tür­gen­le­riň bi­ri Gar­mämmet Şa­mäm­me­dow 1993-nji ýyl­da Be­re­ket şä­he­rin­de dün­ýä in­di. 2005-nji ýyl­da Be­re­ket et­rap sport mek­de­bin­de türk­men mil­li gö­re­şi bo­ýun­ça Ýaz­mäm­met Ga­ra­ja­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da tür­gen­leş­mä­ge baş­la­dy. Be­re­ket et­rap sport mek­de­binde tür­gen­le­şik ge­çen döw­rün­de öz deň-duş­la­ry­nyň ara­syn­da bir­nä­çe ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­nat­la­ryn­da ýe­ňi­ji bol­dy. 2012-nji ýyl­da hä­zir­ki Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Sport fa­kul­te­ti­ne oku­wa ka­bul edil­di. Ez­ber­­tür­gen Gar­mäm­met Şa­mäm­me­dow ins­ti­tut­da okaýan döw­rün­de sars­maz yna­my bi­len ýa­ryş­lar­da şow­ly çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ra my­nasyp bol­ma­gy ba­şar­dy. 2012-nji ýyl­da gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 80 kg. ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş edip, al­tyn me­da­l gazandy.­­ 2014-nji ýyl­da Täh­ran şä­he­rinde gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ge­çiri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da 1-njy or­na my­na­syp bolan tür­gen, şol ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da kümüş medal gazandy. 2016-njy ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da çempion boldy. 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­larda we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça geçiri­len Azi­ýa oýun­la­ryn­da alyş gö­re­şi bo­ýun­ça 80 kg. ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş edip, 1-nji or­ny eýeledi we Şa ser­paýy­na my­na­syp bol­dy. Ol oku­wy­ny 2017-nji ýyl­da üs­tün­lik­li ta­mam­la­dy we Wa­tan go­ra­gy­na git­di. Gul­luk bor­ju­ny ber­jaý ed­ýär­ka hem wagt ta­pyp tür­gen­leş­ýär­di. Ol gul­luk­dan gelen­den soň, öz il­kin­ji tür­gen­le­şen sport mek­de­bin­de türk­men mil­li gö­re­şin­den ýaş­la­ra tä­lim be­rip baş­la­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu us­sat tä­lim­çi taý­ýar­la­ýan tür­gen­le­ri­niň her bir ýaryşda ýe­ňiji bolmagy üçin uly yhlas edýär.

 

Alik NEDIRHANOW, Bereket etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.