Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇAGA EDEBI — ALTYNDAN GYMMAT

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen dürdäne jümle bar. Onuň paýhasly manysy ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alan beýik ösüşlerden we il-ýurduň geljegini nazarlaýan maksatnamalaryň çuňňur mazmunyndan gözbaş alýar.

Halkymyz owaldan ahyra terbiýe meselesini üns merkezinde saklan we saklaýan millet. Ata-babalarymyz bu meselä iňňän jogapkärli çemeleşmek bilen, terbiýe bermegiň özboluşly ýolýörelgelerini, usullaryny durmuşa ornaşdyrypdyr. Şunda ahlak medeniýeti jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolmagynda galypdyr. Çünki ahlak adamyň özüni alyp barşyny, gylyk­-häsiýetlerini kesgitleýän baş görkeziji, ol adamlaryň terbiýeliligini, biri­-birine, il-ýurduna, milletine, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýän görkeziji bolup durýar.

erbiýäniň ynsan durmuşynda şeýle uly orun eýeleýändigi üçin ata-babalarymyz çaga terbiýesi barada asyrlaryň synagy bilen ykrar bolan: «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur», «Terbiýesiz çaga baş öwredilmedik at ýalydyr», «Perzendiň terbiýesini öz terbiýäňden başla!» diýen ýaly, çuň manyly paýhaslary miras galdyrypdyr. Bu ýerde, ilki bilen, çaganyň maşgalada alýan we almaly terbiýesi göz öňünde tutulýar. Çünki çaga terbiýesi ilki maşgaladan başlanýar. Çagany akyll y - baş l y, edep-terbiýeli, il adam s y edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň arzuwy. Eneata mähir-söýgi bilen gurşap alan perzentlerini geljekde wepaly Watan perzendi, ilhalar, zähmetsöýer ynsan edip ýetişdirmäge, olarda ene topraga, ata Watana, il-güne söýgi döretmäge çalyşýar. Türkmen halky üçin ata Watan, ene toprak hemme zatdan eziz hem mukaddesdir. «Atany söýen, Watany söýer» diýen çuňňur many­-mazmunly jümläni döreden ata-­babalarymyz nesil terbiýesinde watansöýüjiligi kemala getirmäge uly ähmiýet beripdirler. Çünki Watany söýmek, Watanyň mukaddesligine uýmak, Watana sygynmak türkmeniň ata­-baba aňyrdan gelýän gadymy hem müdimi dessury. Onuň şineleri hem, öz gezeginde, maşgala ojagynda ekilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Hiç bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez. Öz perzendiniň geljegi hakda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir» diýmek bilen, ene-atalaryň çaga terbiýesi babatdaky wezipeleriniň beýik borçdugyny örän aýdyň beýan edýär. Biz çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň terbiýesini göreldeli maşgala terbiýesi bilen utgaşdyryp, sazlaşykly ösdürmek ugrunda yzygiderli aladalanýarys. Körpeje balalarymyz hepdäniň dynç gününden beýleki her günüň esasy bölegini çagalar bagynda geçirýärler. Olaryň terbiýesinde terbiýeçilerdir enekelere köp zat bagly. Oýun bilen sazlaşdy rylýan täsirli sapaklar, okalýan ertekiler, oýnalýan gyzykly oýunlar, ýerine ýetirilýän bedenterbiýe maşklary, beden taplamaga gönükdirilen türgenleşikler we beýlekiler çagalaryň göwnüni hoşlaýar, gözýetimini we düşünjelerini baýlaşdyrýar. Diňe bular hem däl, eýsem köpçüligiň arasynda bolmak, deň-duşlary bilen oýnap, dostlaşmak, bileje söhbet etmek hem olaryň gözýetimini giňeldip, düşünjesini artdyrýar. Sebäbi dürli maşgalalardan bolan çagalaryň hersinde beýleki bir çagadan öwrenere zat kän. Şeýle hem bolsa, çagalar öýde dogan-jigileri ýa-da ýakyn deňduşlary bilen oýnanda, köplenç, öz ene-atasydyr terbiýeçisine, mugallymlaryna öýkünip, olaryň hereketini, sözlerini gaýtalaýarlar. Şunuň özi-de terbiýe berijileriň ähli babatda şahsy göreldesiniň zerur bolup durýandygyny ör­-boýuna galdyrýar. Berkarar döwletimiziň körpe nesilleri — bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary. Olaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri bolsa jemgyýetiň sagdynlygynyň, agzybirliginiň we geljekki ösüşli ýollarynyň güwäsidir. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň parasatly sargytlaryna eýerip, biz — bilim işgärleri terbiýeçilik babatda nusgawy ýol-ýörelgeleri goýup giden pederlerimiziň: «Çaga edebi — gyzyldan gymmatly», «Ulynyň sözi — kiçi üçin perman», «Edepli perzent öz-özünden döremeýär», «Perzent edep görmese, edep görkezmez» diýen ýaly öwredijilik ähmiýetli pähimlerini öz işimiziň gönezligi hasaplaýarys. Goý, ata Watanymyzy bagtly çagalygyň, beýik maksatlaryň hasyl bolýan ýurduna öwren, döwrümize, döwletimize we halkymyza mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Sapargül ESENOWA, Tejen şäherindäki 2-nji çagalar bagynyň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.