Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalary raýatlaryň ömür dowamlylygynyň artmagyna, saglygynyň berkidilmegine, keselleriň öňüniň alynmagyna, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamynyň kemala gelmegine şert döredýär. Şonuň bilen baglylykda, bu gün berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri dabaralanýar, ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleri, ynsan saglygyny goramak babatda edilýän aladalary ilata düşündirmekde welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeňlik görkezýärler. Edara-kärhanalarda, guramalarda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň barşynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edilýär.

Howanyň sowap başlamagy bilen baglylykda, pasla görä geýinmek, bedeniň kesele garşy göreşmek ukyplylygyny saklamak, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, narpyzly, bal, limon goşulan çaýlary, şireli içgileri, gök önümleri we ýokumly miweleri iýmek möhümdir. Biz saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde geçirýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimiziň barşynda ildeşlerimize ýokardaky ýaly gymmatly maslahatlary berýäris. Mundan başga-da, dem alyş ýollaryna niýetlenen agyz-burun örtüklerini dogry dakynmagynyň ähmiýetini düşündirýäris.

Ildeşlerimiziň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň göwrümli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.