Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BULAR SAGLYGA PEÝDALYDYR

Gün şöhlesi. Ultramelewşe şöhleleriň täsiri bilen adamyň derisi D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, sussupeslikden goraýan oňat serişdedir. Ir zamanlar, antibiotikler peýda bolmazdan ozal, Gün şöhlesi dürli deri kesellerini bejermekde ulanylypdyr. Bulardan başga-da, güýçli bolmadyk Gün şöhlesi adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüňi oňat duýmagyňa ýardam berýär. Şonuň üçin gaty yssy bolmadyk güneşli günler gezelenç etmäge biperwaý garamaly däl, açyk penjireden aram-aram Gün şöhlesiniň düşmegine mümkinçilik döretmeli.

Howa. Arassa howa bedeniň umumy ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Öýüň içindäki howa dymyk bolsa, kellagyra, ukynyň bozulmagyna, ganygyzgynlyga, ünsüň gowşamagyna sebäp bolýar.

Suw. Bedenimiziň kadaly hereketde bolmagy üçin günde 1,5-2 litr suwuklyk içmeli. Bedende suwuň ýetmezligi kellagyra, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, gyzmalyga, içgatama, ýüzüň ýellenmegine, ukynyň bozulmagyna eltýär. Biziň beden agzalarymyz gije-gündizde 1,5 litre golaý suw içilende has gowy işleýär. Bu mukdar agramyňa görä artdyrylyp hem bilner.

Kadaly iýmit. Beden ähli zerur ýokumly maddalary we mikroelementleri iýmitiň üsti bilen alýar. Iýmitiň özenini şüle, çörek, makaron önümleri we ýeralma düzmelidir. BSGG-niň bilermenleriniň teklibine görä, adam her günde 500 gram miwe we gök önümleri iýmelidir. Şonuň ýaly hem öz iýmit sanawyňa süýt önümlerini, ýumurtga we noýba, balyk, ýagsyz et, hoz we maňyz goşmak möhümdir.

Fiziki maşklar. Fiziki türgenleşik diňe bir maddalaryň çalşygyny we bedendäki ganyň aýlanyşygyny gowulandyrman, eýsem, bedeniň gorag ulgamyny berkidýär, holesteriniň mukdaryny azaldýar. Hepdede bäş sapar maşk, ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen bir sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr.

Dynç almak. Adamyň hünärine laýyklykda dynç almagy zerurdyr. Mysal üçin, agyr fiziki zähmetden soň ukyňy almak, gyzykly kitap okamak ýa-da söýgüli kürsiňde oturmak dynç almakdyr. Eger-de işde köp oturýan bolsaňyz, sport merkezlerine barmak we arassa howada gezelenç etmek maslahat berilýär.

 

Täzebaý BABAJANOW, welaýat Dermanhana müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.