Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMEN SÄHRASYNDA GUDRAT BAR

Biziň tebigatymyzda bitýän dürli dermanlyk otlaryň görnüşleriniň müňlerçedigi bellidir. Olaryň dürli keselleri bejerijilik ähmiýetiniň barlygy subut edildi. Ýöne, arada märekede bolan bir gürrüňi size ýetiresim geldi. Indi, 30 ýyla basalykly wagt bäri lukmançylyk bilen meşgullanyp, adamlaryň derdine em edip gelýän obadaşymyz Akmyrat Öwezgeldiýew şeýle gürrüň berdi.

— Bir gezek, saý-sebäp bilen çopan goşlarynyň birinde myhmançylykda bolmak miýesser etdi. Şonda ýaşuly çopan Begmyrat aga maňa şeýle zatlary gürrüň berdi. ...Biz, ir wagtlar dört-bäş sany çopan bolup, üç sany sürini bir örüden başga bir örä sürmeli bolduk. Şonda esli menzil aşanymyzdan soň, mallara hem özümize dynç bereli diýip, bir golda saklandyk we taňkalary oda goýduk. Taňkalar özleriniň sazlaşykly, argyn göwrelere lezzet beriji heňinde lasyrdaşyp ugradylar. Şu ýerde hem hiç mahal bolmaýan zat ýüze çykdy. Hijimizde hem demlär ýaly gury çaý bolmasa näme?! Gaýnag suw bilen nahar edinmekçi bolanymyzam şoldy weli, Gadam çopan tarsa turdy-da ýandakdyr yşgyndan, ýene-de bir-iki sany näbelli ösümlikden ýolup alyşdyrdy-da taňkalara atdy. Üç gezek gaýtaryp, gowurdakly käselerimizem üýtgeşik çaýymyzdan dolduryp ýürekse edindik. Süregi eltmeli golumyza nähili eltenimizi bilmändiris. Ýadawsyz, keýpihon, ýeňil ädimler bilen gelipdiris. Biz bir-birimize aýdyp bilmän gelen zadymyzy birdeň, täsin ýagdaýda dillenip aýdyşdyk. Argynlyk, ýadawlyk ýok, sussumyz pes däl, belki, bu zatlar bize Gadamyň demläp beren çaýyndandyr diýen netijä geldik. Gyssagarada şol näbelli iki sany ot-çöpüň nämedigini bilmän galdyk. Biziň tebigatymyzyň şeýle baý, peýdaly ösümlik dünýäsiniň bardygyny biz özümiz-ä bir bilmeli we ösüp gelýän ýaş nesle hem ýetirmeli... Belli mirasgär agamyz Ümür Eseniň daga dyrmaşyp, elini, eşigini ýyrtdyryp böwürslen ýygyşymy, dag mumyýasyny gyryp-gyryp alşymy, ýüz ýyl ýaşaýan pyşdylyň ömründe bir gezek tapyp, dört ýyllap diliniň aşagynda saklaýan dermanlyk otuny aňtap-aňtap alşy diýjekmi, ýylanyň gowuny kämahal bir agzyna atyp, özüniň gözüniň ýitiligini artdyryp ýörşümi, guragyrynyň bire-bir emi diýip ýylanyň etini duza ýatyryp, esli wagtdan soň ondan bölejigini agzyna atyp ýörşümi, ülkämizde gezmedik, barmadyk, görmedik ýerleri galmadyk agamyzyň gyzgyn çägeli, daşly ýerlerde aýakýalaňaç ýöremesimi, taýçanaklar doglanda olaryň diliniň aşagynda bolýan ýassyjagyny alyp, aýal adamlaryň ýelgulanjy (aýal keseli) keseline garşy guradylyp ulanylýanlygyny ýazyşymy... bularyň hemmesi, diňe öz saglygyňa seretmekden, öwüt-ündewden başga zat däldir. Eýsem, biziň şeýle tebigatymyz bar bolsa, onda bize diňe ondan peýdalanaýmak, ony goraýmak galýar. Biz hemme ýerde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyny ildeşlerimize dyngysyz wagyz etsek, ondaky peýdaly nesihatlary ýaýratsak, halkymyzyň öňünde uly iş etdigimiz bolar, gadyrdan ildeşler! Saglygymyz öz elimizdedir!

 

Saparmyrat HOMMADOW. Murgap etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.